SPORT – SAGDYNLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ GÖZBAŞY

Sportuň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde has-da ösdürilmegi, ilkinji nobatda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmaga, wagyz etmäge,  şol bir esasda köp sanly raýatlary giňden çekmek arkaly  sportuň ähli babatda netijeliligini artdyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda sportuň döwrebap düzüminiň kemala gelmegine gönükdirilen ähli çäreler uzak geljek üçin berk bedenli, gujur-gaýratly, sagdyn pikirlenýän nesillerden ybarat bolan kämil jemgyýeti kemala getirmegi ugur edinýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk  gelýän sport desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak  üçin ähli zerur şertleriň döredilýän döwründe şeýle mümkinçilikleri iş ýüzünde ulanmagy başarýan, sport enjamlaryna  we sportuň görnüşleriniň tilsimlerine erk edýän hünärmenleri, tälimçileri we türgenleri taýýarlamak wezipesine hem aýratyn üns berilýändigini bellemek zerurdyr. Munuň özi sportuň netijeliligini has-da artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Sport bilen meşgullanýan mahalyň bütin bedeniň hereket edýär, pikirleriň durlanýar,  sagdyn pikirlere ýol açylýar.Sport ynsanlary birek-birege ysnyşdyrýan güýçdür. Ol diňe bir ýaryşlaryň toplumy däldir. Sport arkaly dostlaşmak, özara ysnyşmak we hoşniýetli gatnaşyklara ýol açmak mümkindir.  Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullansaň-da, ol saňa beden sagdynlygyny, jan rahatlygyny berýär. Işe, durmuşa, ertirki güne höwes, hyjuw, ynam döredýär.  

Ählumumy asudalygyň we hoşniýetligiň tarapdary bolan ynsanyýet öz  öňünde birek-birege mähirli gatnaşyklary, dostlygy, söýgini we ýene-de bolup biläýjek ähli oňatlyklary maksat edinýär. Ähli döwletlerde bolşy ýaly Aşgabat hem turuwbaşdan şeýle oňatlyklar bilen gurşalan mekandyr. Munuň şeýledigini bu sebite «Aşyklaryň şäheri», «Aziýanyň merjen şäheri», «Ak mermer binalaryň şäheri», «Merkezi Aziýanyň ylalaşdyryjy merkezi» diýlip ýörite atlandyrylmagy-da subut edýär. Paýtagtymyz dogrusynda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, sporta aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Ýurdumyzda sportuň giň gerim almagy, daşary syýasatymyzda esasy ugurlaryň hatarynda görülmegi — bularyň ählisi sebitde parahatçylygyň we dostlugyň nusgasyna öwrülen Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli,  dostlukly-doganlykly daşary syýasatyny alyp barmakda ileri tutýan möhüm ugrudyr.

Kalby bagtyýarlykdan, ýürekleri Watana bolan söýgüden pürepür türgenler we tälimçiler rowaçlyga beslenýän türkmen sportunyň at-abraýyny  barha belende galdyrýarlar. Olaryň halkara derejesinde ýeňiş serpaýlary has-da artýar. 

Halkymyzyň sagdyn durmuşy ugrunda asylly maksatlary durmuşa geçirýän  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, mertebeleri zyýada bolsun!

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY