Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk gününde bolsa, ýurdumyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişleriň giň gerimde geçirilmegi çagalykda iň gyzykly güýmenjämiz bolan welosipediň şan-şöhratyny has-da artdyrdy. Lukmanlaryň bellemegine görä, welosiped sürmek çagada özerkliligi, ruhubelentligi, çydamlylygy, gujurlylygy terbiýeleýär. Mundan başga-da, çaga tigir sürmegi öwrenmek arkaly gorkulary ýeňip geçmek, maksada okgunly bolmak, töweregindäkilerden nusga almak ýaly endikleri özleşdirýär. Diýmek, bu sport ulagy diňe saglygymyza däl-de, biziň jemgyýetde özümizi alyp barşymyza, zähmetsöýer, düzgün-nyzamly bolmagymyza, geljekde durmuşyň çylşyrymly öwrümlerinde çalt we dogry çözgüt tapmagymyza-da ýardam edýär. Welosiped sporty sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolmak bilen, ilatyň saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan, ony ulag serişdesi hökmünde peýdalanýan adamlaryň sany yzygiderli artýar. Metbugat habarlarynda aýdylyşy ýaly, welosiped sportunyň taryhy XIX asyryň ikinji ýarymynda Fransiýada geçirilen ilkinji iri sport ýaryşlaryndan başlanýar. 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Ýurdumyzda hem welosiped sportunyň uzakdan gözbaş alýan taryhynyň bardygy bellärliklidir. Bu taryh 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden başlanýar. Şondan bir ýyl geçenden soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda täze ösüşe eýe boldy. Welosiped bilen meşgullanýanlaryň sany dünýä görkezijilerinde hem yzygiderli artýar. Dünýä döwletlerinde sportuň bu görnüşi boýunça iri ýaryşlar, uly ýörişler, çempionatlar geçirilýär. Bu babatda Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) hem hereket edýändigini bellemek gerek. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň söýgüli ulagy bolan welosipediň ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini ýene bir ýola äşgär edýär. Latyn dilinden terjime edilende, “çalt aýak” diýmegi aňladýan welosipediň, halkara sorag-jogabyň geçirilmegi netijesinde, adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşy diýlip ykrar edilmegi gyzykly ýagdaýdyr. Berlen sesleriň sany boýunça ol hatda häzirki zaman dünýäsi üçin örän ähmiýetli bolan internet we telefon ýaly oýlap tapyşlardan hem öňe geçdi.
E.Annageldiýewa
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni