Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasy bilen bilelikde “Türkmennebit” döwlet konserniniň Burnebitgazhyzmat müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde hoşallyk maslahatyny geçirdiler. Geçirilen çäre Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Arkadag şäherine degişli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki mejlise bagyşlandy. Maslahatda ýaşlar çykyş edip, öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Olar şol mejlisde täze kabul edilen “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda geçirilmeli işlere seredilendigi, guramaçylyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdylar.
Mährijemal Nyýazdurdyýewa
TMÝG-niň “Türkmennebit” DK-niň
şahamçasynyň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni