Ajaýyp zamanamyzda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirýän, ylmy esaslandyrmalara hem-de anyk mümkinçiliklere daýanýan giň gerimli özgertmeleriniň düýp özeninde şeýle asylly maksada ýetmekdäki tagallalaryň durmagy biz — ýaşlary diýseň buýsandyrýar. Eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegiň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan iri möçberli, uzak möhletleýin taslamalar merdana halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Halkymyzy şirin owazlary bilen ruhlandyrýan has zehinli ýaşlary saýlamak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem, saz sungatyna höwesli has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat medeniýet müdirligi we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde 2023-nji ýylda okuwyny tamamlaýan uçurym okuwçylarynyň arasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň zehinleri” atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige etrap-şäher çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň ýerine ýetirijilik ugurlary boýunça “Bagşy”, “Türkmeniň milli saz gurallary”, “Halk saz gurallary”, “Kirişli saz gurallary”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” şeýle hem, “Fortepiano” bölümleriniň (hünär aýratynlyklaryna laýyklykda) bäsleşdiler.
Netijede “Bagşy” hünäri boýunça geçirilen bäsleşikde 1-nji orna Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Söýün Orazdurdyýew, 2-nji orna Etrek etrap çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Ogulbagt Amangylyjowa, 3-nji orna Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Meýlis Nazarow, şeýle hem, höweslendiriji baýraga Magtymguly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Aýyt Mämiýew mynasyp boldylar.
“Türkmen milli saz gurallary” hünäri boýunça 1-nji orna Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Baýramgeldi Jumanyýazow, 2-nji orna Balkan welaýatynyň welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Didarnazar Hajyýew, Balkan welaýatynyň welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Aşyrgül Mirkulyýewa we Gyzylarbat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Maksat Meretjäýew 3-nji orna mynasyp boldylar.
“Halk saz gurallary” hünäri boýunça 1-nji orna Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Gülşat Garýagdyýewa, 2-nji orna Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Şatlyk Baýlyýew, Balkan welaýatynyň welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Ybraýym Annagulyýew 3-nji orna mynasyp boldylar.
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäri boýunça 1-nji orna Balkan welaýatynyň welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Aýläle Öwezowa, Gyzylarbat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Baýramaly Baýramalyýew 2-nji orna mynasyp boldylar.
“Fortepiano” hünäri boýunça 1-nji orna Balkan welaýatynyň welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Milana Abdalýazowa, 2-nji orna Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Döwran Nobatgeldiýew, Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Kerim Gumanow we Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Aýlar Nyýazowa 3-nji orna mynasyp boldylar.
Şeýle, hem “Kirişli saz gurallary” hünäri boýunça 1-nji orna Magtymguly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Orazgül Guwanjowa mynasyp boldy.
Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Balkan welaýat medeniýet müdirligi we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.