“TÜRKMENISTAN SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ÝURDY!”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basylan ilkinji günlerinden başlap, saglygy goraýyş, sport, ylym, bilim ulgamlary hil taýdan ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baştutanymyz türkmen jemgyýetinde bilime sarpa goýmak meselesini aýratyn zerurlyk hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän dürli derejedäki mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işiniň üznüksiz kämilleşdirilmegi üçin edilýän aladalar, bilim berilişiniň hilini ýokarlandyrmak, adalatly jemgyýeti hem-de üstünlikli ösýän demokratik döwleti gurmak, bilimli nesli kemala getirmek üçin esasy meseleleri çözmek bilen baglanşykly alnyp barylýan işler bu ulgamyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni, sagdynlygy we sporty ösdürmäge aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Raýatlarymyzyň beden taýdan berk bolmagyny has-da gowulandyrmak, ömürlerini uzaltmak babatynda durmuşa geçirilýän çäreler, işler bimöçberdir. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginde bina edilýän yzygiderli ulanylmaga berilýän saglyk merkezleridir, öýleri, sport mekdeplerdir toplumlary, stadionlar hem aýdyň şaýatdyr. Olaryň ählisinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlaryň oturdylmagy-da ýurdumyzda adam barada edilýän aladanyň näderejede ileri tutulýandygynyň şöhlelenmesidir. Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýäniň we sportyň her bir adamyň beden taýdan berk, ruhy taýdan baý bolmagynda ähmiýeti juda uludyr. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ynsan diňe bir beden taýdan tapawutlanman, eýsem onyň dünýägaraýşy, gözýetimi giňeýär, ruhy hem belent bolýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary möhüm ähmiýete eýedir.

Milli senenamamyzda orun alan Bütindünýä saglyk güni jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Ol sagdyn durmuş, berk beden we güýçli aňyýet bilen gyzyklanýan her bir adam üçin möhüm baýramçylykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan çäreler dabarasy dag aşdy. Welaýatymyzda bu baýrama ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyklar görlüp, ähli etrap-şäherlerimiz toý lybasyna beslendi. Ir säherde Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandy. Bu ýerde welaýat merkeziniň sungat ussatlary belent heňde aýdym-sazlary ýerine ýetirip, olarda Arkadagly Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işleriniň, ýer ýüzünde sport döwleti diýlip ykrar edilen berkarar Watanymyzyň, meşhurlygy barha artýan türkmen sportynyň, dost-doganlygyň waspy öz beýanyny tapdy. Tansçylaryň şowhunly çykyşlarydyr türgenleriň sportyň birnäçe görnüşi boýunça ýaýbaňlandyran görkezme çykyşlary hem çäre gatnaşyjylaryň toý şatlygyny artdyrdy.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýokary derejede geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çärede sungat ussatlarynyň hem-de çagalar toparlarynyň ýerine ýetirmeklerindäki aýdym-sazly çykyşlaryň, ýaş oglan-gyzlaryň gatnaşmagyndaky sport maşklarynyň, sportyň gylyçlaşmak, milli göreş we birnäçe dürli görnüşleri boýunça çykyşlaryň şaýatlary boldylar.

Şeýle ajaýyp baýramçylygy peşgeş beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza hoşallyk hem-de alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Gülnara SARYBAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR