Düýe malym – dünýe malym
(Nakyl)
Düýe malyny dünýe malyna deňeýän halkymyzyň arasynda düýe bilen baglanşykly birnäçe rowaýatlar, aýtgylar giňden ýaýrandyr. Olardan: “Düýe süýdi ýüz derdiň dermany”, ”Düýeli baý-dünýäli baý” ,”Düýe maly – dünýe maly”.
Maldarçylygyñ düýedarçylyk ugry türkmen halkynyñ gadymdan meşgullanyp gelen kärleriniñ biridir. Düýe maly çöllük we ýarym çöllük ýerleriñ üýtgäp durýan yssy howasyna, ot-iým şertlerine uýgunlaşan, şol bir wagtda hem süýt, et, ýüň we deri önümlerini bermäge ukyplydyr. Düýäniň eti we süýdi berhizlik mal önümi hasaplanylyp oňa ýurdumyzyň ähli ýerinde köp isleg bildirilýär. Onuñ uzak aralyklarda ýerleşýän ýowuz şertli örüleri özleşdirmekde hem ähmiýeti uludyr. Düýäniň suwsuzlyga durnuklylygy mynasybetli onuň eti hem epgek-gyzgynyň garşysyna göreşmekde dermanlyk hasaplanylýar. Biziñ arwanalarymyz dünýädäki bar bolan düýe tohumlarynyñ arasynda iñ bir süýtli tohum hasaplanylýar. Olar ýylda ortaça 2000-4000 litr süýt berýär.
Düýe çaly düýe süýdüni turşadylyp alynýar. Ýurdumyzda düýe süýdi esasy düýe çalyny taýýarlamak üçin ulanylýar. Çünki türkmen üçin tomsuň jöwzaly yssysynda düýe çalyndan gowy teşneligini gandyryp biljek içgi ýokdur. Düýe çaly taýýarlanylanda birnäçe fermentleriň täsiri esasynda kazein düýbüne çöküp, albumin we globulin suw görnüşinde süýdüň ýüzüne çykýar. Düýe süýdi zyýanly bedenjikleri öldüriji häsiýete eýedir. Düýe çalynyň düzüminde köp mukdarda ýaglar, uglewodlar, kalsiý, magniý we beýleki makro-mikro elementler,witaminler toplumy, dokumalarda täze öýjükleriň emele gelmegine hem-de bedendäki bolup geçýän madda çalşygynyň kadaly bolup geçmegine itergi berýän beloklar jemlenendir. Çalyň düzümindäki C we D witaminleri bedende ýaglaryň alyş-çalşygyny hem-de turşadyjy hadysany güýçlendirýär. Düýe çaly ýürek-damar, aşgazan keselleri we birnäçe ýokanç keselleriň bejergisiniň täsirini artdyrýar şeýle hem öýkendir-böwrek kesellerinde, öt-bagyr kesellerinde hem bire-bir emi hasaplanylýar. Şonuň üçin hem ol örän peýdaly dermanlyk içgi hasaplanýar. Bu şypaly içgi bedeniň gyzgynyny peseldýär, kesel sebäpli tapdan düşen näsaglaryň saglygyny dikeltmäge ýardam edýär. Düýe çalyny howanyň temperaturasyna, adamyň ýaşyna we saglyk ýagdaýyna baglylykda bir günüň dowamynda bir litre çenli mukdarda içmek mümkindir.
“Bismilla” diýip, türkmeniň düýe çalyny içip başlarsyň welin, onuň lezzeti aýrybaşgadyr. Düýe çalynyň täsiri gaňşyrawugyňy kükeder. Düýe çalynyň ýokumy süňňüňe siňer-de, janyňa şypa berer. Düýe çalyny içen adamlar ýüreginden syzdyryp: “Çeşmäňe bereket!” diýýärler. Töwir galdyryp: “Bagyş etdim düýäniň piri Weýisbaba” diýip alkyş aýdýarlar. Çünki, düýäniň piri Weýisbaba türkmenleriň ynamynda, rowaýatlarynda ýaşap ýör. Käbir rowaýatlarda beýan edilişine görä, Lukman Hekim ýarawsyz ýatyrka töweregindäkiler:
— Eý, Lukman Hekim, siziň barlygyňyzda biz derdimize melhem tapman kösenmändik. Sizden soň bizi kim bejerer, kim saglygymyzy gorar? — diýipdirler. Şonda Lukman Hekim olaryň bu sowalyna parasatlylyk bilen şeýle jogap berenmiş:
— Adamlar, men bakyýete göç etsem, siz derdiňize melhem tapmarys öýdüp, gaýga galyp oturmaň. Düýe süýdi siziň ähli derdiňize dermandyr. Düýe malynyň bar ýerinde kesel golaýyňyza gelmez. Onuň gudratyna ynanyberiň-diýipdir.
Düýe süýdünden çaldan başga-da agaran, doýran, sargan, süzme, peýnir, gurt ýaly süýt turşy önümleri taýýarlanylýar. Olaryñ hemmesi-de adamyñ gündelik ýaşaýşynda giñden peýdalanylýar. Halkymyz düýe çalynyñ, agaranynyñ derman iýmitidigine örän ir zamanlardan göz ýetiripdir.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.