1995 – nji ýylda Polşa döwletiniň Warşawa uniwersitetiniň ylmy-gözleg topary şertnama esasynda Sarahs etrabyndaky ýadygärliklerde gazuw işlerine başlady. Bilelikdäki türkmen-polýak arheologik topary
1995 – 2000-nji ýyllarda Köne Sarahs şäheriniň Erkgalasynda we Şähristanda gazuw-agtaryş işlerini alyp bardy. Ekspedisiýa 1997-nji ýylda öz işlerini Melehaýran ýadygärliginde dowam etdirdi. Bu ýerde 1997 - 2002, 2004, 2007 – 2009-njy ýyllarda iş alnyp baryldy.
2007 – 2008-nji ýyllaryň arheologik möwsümlerinde Warşawa uniwersitetiniň professory B.Kaimyň ýolbaşçygyndaky türkmen-polýak ekspedisiýasy Melehaýran ýadygärligindegazuw-agtaryş işlerini geçirmek
bilen bir hatarda Sarahs etrabynyň çägindäki Sasany döwrüne degişli 17 ýadygärlikde ylmy-gözleg işlerini ayp bardy, Arheologar kämil tehnologiýany ulanyp, olar ýadygärlikler hakyndaky maglumatlary kompýutere geçirip, olaryň 3 göwrümli çyzgylaryny taýýarladylar we 32 ýadygärlikde deslapky barlag işlerini geçirip, olardan ýerüsti tapyndylary toplamagy ýola goýdular. Olar Sarahs etrabyndaky suw hanalarynyň galyndylarynda gözleg işlerini geçirip, bu ýerde gadymyýetde bolan suwaryş ulgamynyň taryhyny öwrendiler.
Gazuw işleriniň başynda Melehaýran depesi gadymy Sarahs şäheriniň daşynda ýerleşen sasany emeldaryna degişli bolan köşk-gala diýlip çaklanylypdy. Emma işiň dowamynda ataşgähiň binýady tapylyp, alymlar bu ýadygärligiň otparazçylyk dinine degişli ybadathanadygyny anykladylar.
Bu ýadygärlik Sasanylar döwrüne degişli bolup, biziň eýýamymyzyň II-V asyrlary bilen senelenýär. Ol belentligi 7 metre golaý, ini 30 metr we boýy 40 metre barabar bolan esasy depeden we onuň günbatarynda ýerleşen 5 sany kiçiräk gum depejiklerinden ybaratdyr we 1,5 gektar ýaly meýdany tutýar.
Arheologlar tarapyndan üsti açylan bu otparazçylyk ybadathanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma döretdi. Bilelikdäki türkmen-polýak arheologik toparyň ýolbaşçysy Warşawa uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň professory B.Kaimyň teleýaýlymlarda, metbugatda eden çykyşlary daşary ýurt alymlarynyň ünsüni çekdi. Pariž uniwersitetiniň professory Oliwýe Lekontyň ýolbaşçylygy bilen Fransiýada çapdan çykýan „Dossiers d'archeologie“ žurnalynyň 317-nji sanynda Melehaýrandaky ot ybadathanasy hakynda doktor B.Kaimyň makalasy ýerleşdirilipdir.
Melehaýran ot ybadathanasy gala diwary bilen gurşalypdyr. Gazuw işleriniň dowamynda häzire çenli oda ybadat etmek bilen baglanyşykly 8 sany otag ýüze çykaryldy. Ybadathananyň esasy otagynyň merkezinde oda ybadat edilýän ýeriň (ataşgäh) galyndylary saklanyp galypdyr. Onuň palçykdan ýasalan durky öz görnüşi boýunça biri-birine gabşyrylan guýgyjy ýa-da çäge sagadyny ýatladýar. Ataşgähi otagyň gündogarynda girelge otagy ýerleşýär we ol eýwan görnüşinde bolup, ondan insiz uzyn otagjagazyň üsti bilen ataşgähe girmek mümkin bolupdyr. Eýwanyň üstüniň gümmezli bolandygyny çak etmek mümkin, sebäbi köp sanly gaçan kerpiçler we saklanyp galan ýarym aýlaw muňa esas berýär. Eýwanyň günbatar we günorta diwarlarynyň ýüzi ýaramaz saklanyp galypdyr, bu bolsa olaryň ýüzünde bolan nagyşlaryň ilki başdaky sudurynyň şekilini gaýtadan dikeltmegiň (rekonstruksiýa) taslamasyny düzmäge mümkinçilik bermeýär.
Emma aýlaw şekilli gümmeziň saklanyp galan galyndylary onuň iç ýüzüniň dür-dänelerini alamatlandyrýan asma şekiller bilen bezelendigini çaklamaga mümkinçilik berýär. Ybadathana gelen zyýaratçylar köpçülikleýin dini däp-dessurlary hut eýwanda ýerine ýetiripdirler.
Eýwanda ataşgähe geçilýän girelgäniň gabat garşysynda pagsadan gurnalan sypa işigiň öňünde keserip dur. Ol gönüburçly aýaksyz uzyn stola çalym edýär. Bu sypa 2001-nji ýylyň gazuw möwsüminde tapyldy. Onuň uzynlygy 3,08 m., beýikligi 0,88 m., ini 0,6 m. barabar bolup, gündogar ýüzünde gips suwagynyň üstünde güberçek görnüşde ýerine ýetirilen owadan nagyş bar. Türkmen-polýak ekspedisiýasynyň rejeleýji hünärmeni Malgožata Soltys tarapyndan dikeldiş işleri geçirilenden soňra 2007-nji ýylda ýüzi güberçek nagyşly bu panno Türkmenistanyň Milli Şekillendiriş muzeýine tabşyryldy we häzir onuň sergi zalynda ýerleşýär.
Eýwanyň demirgazyk we günorta diwarlarynyň aşak eteklerinde hem pagsadan ýasalan ýüzi nagyşly kiçiräk sypalar (seki) tapyldy. Olar biri-birine bakyp dur. Şeýle-de 4-nji otagyň demirgazyk diwarynyň ýüzünde reňkli suratyň galyndylary tapyldy. Merkezi sypanyň ýüzündäki güberçekli şekil 3 sany düwün görnüşinde bolup, bu düwünler 2 dürli bezeg zolaklarynyň 8-sini bilelikde daňyp birleşdirýär hem-de olar palma ýapraklarynyň suratlarynyň içinden geçirilipdir.
Melehaýrandan tapylan tapyndylar
Demirgazyk we günorta diwarlardaky sypalaryň ýüzünde nagyşlar gül şekilli äheňlerde gipsiň ýüzünde güberçek örtük (metop) görnüşde ýerine ýetirilipdir. Bu örtük 2 görnüşde, ýagny haç şekilli we ýürek şekillidir. Örtügiň birinde 4 sany ýorunja ýapragy biri-birine gabşyrylyp, ikileme äheňde haç şekilini döredip, bir merkeze birigip, sekiz burç ýyldyzy alamatlandyrýar. Beýleki örtükde ýorunja ýapraklary palma ýapraklary bilen doldurylyp, ýürek şekilini döredip, bir merkeze birigip, bägüli sypatlandyrylýar. Nagyşly örtükler sypalaryň ýüzünde 2 hatara düzülip, olaryň arasynda inçejik göni zolak geçirilipdir. Demirgazyk sypanyň ýokarky hataryndaky nagyşlar günorta sypanyň aşaky hataryndaky şekillere meňzeş. Günorta sypanyň ýokarky hatary demirgazyk sypanyň aşaky hataryndaky nagyşlara meňzeş. Ýöne welin günorta sypada örtükleriň nagyşlarynyň kämahal çalşyrylyp gelýän halaty hem bar.
Melehaýran ýadygärliginde tapylan bezegli sypalaryň ýüzündäki gül we ösümlik äheňindäki şekiller şol döwürlerden biziň günlerimize ýetip gelipdir. Olary häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň şaý-sepleriniň ýüzünde görmek bolýar. Alymlaryň pikirlerine görä, bu ýüzi şekilli sypalar keramatly ot saklanylýan otagyň öňünde bolmak bilen ybadathana gelenzyýaratçylary eýwanda saklap, olara sadakalaryny goýmaga mümkinçilik beripdir. Giň halk köpçüligi bilen ybadat däpleri hut şu ýerde geçirilipdir. Şol sebäpden zoroastrizmiň irki döwürlerinde eýwanyň içi, gümmeziň iç ýüzi, sypalar kaşaň nagyşlar we suratlar bilen bezelipdir. Şol bir wagtyň özünde merkezi sypa ybadata gelenleri ataşgähli otaga goýbermän saklapdyr, olaryň öňünde owadan görnüşli böwet bolupdyr. Sebäbi otparaz dinine laýyklykda keramatly oduň ýanyna barmaga we oňa hyzmat etmäge aýratyn derejeli ruhanylara rugsat edilipdir. Şol zamandaky dini düşünjelere görä, ot hudaý derejesindäki but bolup, ruhanylar ony başga adamlardan gorap saklapdyrlar.
Şol otagyň günbatarynda ýene bir otag bar. Oňa uly we giň girelge alyp barýar. Otagyň merkezi böleginde çig kerpiçden örülen, belentligi 30 sm. bolan belentlik ýerleşdirilip, onuň üsti dörtgraň bişen kerpiçleriň 15-si bilen 3 hatar edilip düzülipdir. Kerpiçleriň üstünde 4 sany oýuk mese-mälim duýulýar, bu bolsa olaryň üstünde içi şerbetdir-içgili, iýmitli humlaryň ýerleşendigini çak etmäge esas berýär. Belki, olarda “haoma“ içgisi saklanandyr. Meleheýranda gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda şirmaýydan ýasalan ýüzi suratly zenan şaý-sepleri saklanýan gutujygyň (şkatulka) bir bölegi, misden gulak halka, boýna dakylýan bezeg halkasy, horaz kekejini aňladýan süňkden ýasalan saça dakylýan iňňe bagjyk, oýnalýan şaşka çöpleri, b.e. II-III asyrlaryna degişli köp sanly mis teňňeler, şirmaýydan ýasalan adam, it, guş şekilleri we ş.m. tapyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz“ atly kitabynyň 26-njy sahypasynda Melehaýrandan tapylan şirmaýydan ýasalan at üstündäki adam şekiliniň suratynyň ýerleşdirilmegi ekspedisiýanyň agzalary üçin guwandyryjy hadysadyr.
Taryh ylmynda bütin dünýä boýunça otparazçylyk (zoroastrizm) dinine degişli bolan ybadathanalaryň birnäçesi bellidir. Olardan Türkmenistanda (Akdepe, Artyk), Eýranda (Deregez, Tagty Süleýman) tapyldy. Melehaýranda tapylan ybadathana özüniň käbir aýratynlyklary bilen olardan düýpli tapawutlanyp, ony dünýäde ýeke-täk we deňi-taýy bolmadyk arheologik tapyndy diýip atlandyrsak, ýalňyşdygymyz bolmasa gerek. Tapylan teňňeleriň ýüzündäki suratlardan we otparazçylyk desgalarynyň galyndylarynyň belli bolşy ýaly, ataşgäh Deregezde, Tagty Süleýmanda, Türeňdepede basgançakly görnüşde bolupdyr. Emma Melehaýranda ataşgäh basgançakly görnüşde däl, onuň binýadynda beýle alamatlar duýulmaýar. Ybadathana örän gowy saklanyp galypdyr – bi onuň ýene bir aýratynlygydyr. Onuň diwarlarynyň beýikligi 4,5 metre ýetýär. Ybadathananyň binagärçilik gurluşy juda üýtgeşik. Bu ýerde ataşgähiň gapdalynda goşmaça otagyň bolmagy ünsi çekýär. Ataşgähiň basgançaksyz bolmagy hem alymlary haýran galdyrýar. Orta asyrlarda meşhurlyk gazanan Sarahs binagärçilik mekdebiniň ýöne ýerden döremän, onuň hut Sarahsda gurlan Melehaýran ybadathanasy we şoňa meňzeş köp sanly binalaryň ussalarynyň nesilden nesle geçiren ussatlygyndan gelip çykandygyny belläsimiz gelýär. Şol döwürlerde ulanylan binagärçilik we gurluşyk usullary, görnüşleri, şekiller, ýarymaýlaw diňler, gapy üsti aýlawlar, gümmezli desgalar we ş.m. beýleki zatlar soňky nesiller tarapyndan ýatdan çykarylman ösdürilip we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilip, Sarahs binagärçilik mekdebiniň döremegine alyp gelipdir. Ýadygärligiň gowy sanlanyp galan durky, otaglardan tapylan köp sanly we oňat saklanyp galan zatlar gadymy otparazlyk zamanasynyň däpleriniň we ykdysady-durmuş ýagdaýlarynyň nähili bolandygyny öwrenmekde alymlar üçin bu ybadathana uly ähmiýete eýe boldy.
Hydyr DAŇATAROW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.