“SPORT GUJUR-GAÝRATYŇ, GÖZELLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞYDYR”

Hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýe hereketlerini ösdürmäge ildeşlerimiziň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Welaýatlarda, etrapdyr, şäherlerde, obalarda sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi. Sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri bolan bu desgalarda ýaşlarmyzyň müňlerçesi türgenleşýärler. Ýurdumyzyň ösen sportyň mekanyna öwrülmegi biziň her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty-bedenterbiýe hereketlerini ösdürmek, wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan giň göwrümli işlere bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly baha berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýan maksatlarymyza we arzuwlarymyza ýetmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga kömek edýär. Sagdynlyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi — bularyň ählisi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. Sport — gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň gözbaşy, durmuşa bolan höwesi, söýgini artdyrýan egsilmez güýç hökmünde ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar Watanymyzda milli sporty wagyz etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmakda üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli tutumlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Günüň dowamynda 30 — 45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamaklygyň syrydyr. Fiziki agramlyk bedeniň berkemegi we bedenden zyýanly maddalaryň bölünip çykmagy üçin peýdalydyr. Yzygider sport we beden taplama bilen meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar. Bedeni taplamaga çagalyk döwründen başlamaly. Tomus aýlary sowuk suw wannasyny, mümkin bolsa açyk howada kabul etmeli. Şeýle-de bedeniň keselden goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli, gök, bakja önümlerini köpräk iýmäge çalyşmaly. Bedeniň talabyna görä, suwuklyk kabul etmeli. Ulanýan suwuklygyňyz arassa agyz suwy, gaýnadylan suw we gök çaý bolmaly. Sagdyn durmuş ýörelgesi şatlyk bilen biri-birinden aýrylmazdyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä ýüzünde saglyk güni bellenip geçirilmegi mynasybetli “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähiniň sport meýdançasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde gurnamagynda “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” ady bilen sport çäresi geçirildi.

 

SAPAR ARAZNEPESOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

04 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

03 Iýul 2025 | 32 okalan

ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI