SAGDYN GELJEGE YMTYLÝAN ÝAŞLAR

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatynyň saglygy umumymilli baýlygymyzyň esasy bölegi bolup durýar. Şonuň üçin Arkadagly Serdarymyzyň baş aladasy netijesinde ýurdumyzda jemgyýeti sagdynlyga çagyrýan düýpli çäreler geçirilip, bu ugurda nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Şeýle çäreleriň maksady sagdyn durmuşyň adamlar üçin kada öwrülmegini gazanmakdan, Watanymyzyň beýik geljegi üçin sagdyn ýaşlary ýetişdirmekden, berkarar döwletimiziň her bir gününi saglyk gününe öwürmekden, adalatly raýat jemgyýetimize saglyk medeniýetini ykjam ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny goramak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, döwlet tarapyndan adam hukuklarynyň berk goralmagyny üpjün edýär hem-de ösüşiň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetmek üçin ýokary mümkinçilikleri döredýär. Hut şeýle bolansoň, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde halkymyzyň saglygyny goramak meselesi ýurdumyzda ykdysady, syýasy, hukuk, medeni, durmuş, ylmy lukmançylyk häsiýetli çäreleriň uly toplumyny hem öz içine alýar. Çünki sagdyn jemgyýet ösüşleriň özeni. Onda bize iň ýakyn kömekçi bolup türkmen sporty öňe çykýar.

Arkadagly Serdarymyz gysga döwriň içinde türkmen sportyň abraýyny gaýtadan dikeltdi we gollary berdaşly pälwan ýaşlarymyz üçin dünýä bäsleşigine giň ýol açdy. Geljek üçin mynasyp nesil ýetişdirmäge ýakyndan goldaw kömek berilmegini üpjün etdi. Paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde gurlup ulanylmaga berilen häzirki zaman sport toplumlary we ýurdumyzda geçirilýän halkara sport bäsleşikleri munuň aýdyň güwäsydyr. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň pudaklaýyn özgertmeleri olimpiýa badyna eýe bolýar hem-de bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmegiň maksatnamasy ýurdumyzyň ösüşini strategik ugruna öwrülýär. Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýerli ýaşlar guramalarynda hem bedenterbiýe türgenleşiklerini guramak ýola goýuldy. Oňa ýaşlar guramamyzyň işgärleri köpçülikleýin gatnaşyp, ýaş nesillerimize mynasyp görelde bolýarlar. Ýurdumyzyň ýaşlar guramasy bolsa döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alyp sporty hiç mahal ünsden düşürenok. Ýerli guramalarymyz dürli edara kärhanalarda we daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda sportyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri yzygiderli geçirip, ýaşlary bu ugra aýratyn gyzyklandyrýar hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglaýar. Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmek baradaky wagyz-nesihat işlerini guramamyzyň ýaşlar bilen geçirýän gündelik çäreleriniň esaslaryny düzýär. Guwanmaly, begenmeli zat, bu günki ýaşlary sagdyn durmuş hem sporty halaýarlar. Aýratyn hem dünýä çempionatlaryna we aýratyn halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrak alyp gelen merdana ýaşlarymyza synymyz oturýar. Olary goldamagy we täze ýeňişlere aýyrmagy, ýaşlaryň arasynda pälwanlary ýüze çykarmagy möhüm borjumyz hasaplaýarys. Sport ýaşlary dostlaşdyrýar we toparlaýyn ruhubelentligi duýmagy emele getirýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi milletimiziň rowaçlanmagyny, bagtyýar maşgalanyň intellektual ukyplarynyň durmuşa geçirilmekligini üpjün edýär. Häzirki döwürde jemgyýetimizde ýaş nesli terbiýelemekde, milletimiziň ahlak we beden sagdynlygyny gorap saklamakda sportyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Beden taýýarlygyny kemala getirmek jemgyýetimiziň ruhy we ahlak psihologiki ýagdaýyna hem onuň tasir edip, ýaşlarymzyň watançylyk duýgusyny ösdürýär.

 

Güljeren ÝAGŞYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

04 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

03 Iýul 2025 | 32 okalan

ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI