Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Biz milli medeniýet ulgamymyzy döwrebap ýagdaýa getirmek milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ajaýyp kitaby halkymyzyň gadymdan gelýän seýisçilik we atşynaslyk sungatynyň şöhratyny has hem beýgelden eserleriň biridir. Bedew türkmeniň ruhy baýlygynyň özenini özünde jemleýän täsinlikdir. Sebäbi bedew bilen bagry badaşan ata-babalarymyz ony mukaddeslik derejesine ýetiripdirler. Atçylyk sporty adamdan merdanalygy, başarjaňlygy, yhlasly, atlara bolan mähri, olar bilen düşünişmegi talap edýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägi-gadymy oguzlaryň ýaşan künjegi ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň asyl mekanydyr. Bu ýerde owadan, çydamly, ýelden ýüwrük, eýesine wepaly ahalteke bedewleri ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu mekanda ussat seýisler nesli atlaryň ajaýyp häsiýetlerini saklap, seýisçiligiň milli ýörelgelerini döredipdir, olary kämillik derejesine ýetiripdir. Täze taryhy döwrümizde bu gadymy toprakda behişdi bedewleriň geçmişdäki meşhurlygyny gaýtadan dikeltmek ugrunda alnyp barylýan işler buýsanmaga mynasypdyr. Etrabyň dag eteginiň gözel künjeginde arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, olary talabalaýyk saklamak, milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen birnäçe iri desgalar gurulýar.
Gurbangeldi HYDYROW,
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetiniň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.