BAGTYŇ SYRY (Hytaý tymsaly)

Bir täjir ogluny çagalygyndan dürli ugurlardan okadypdyr. Ogly ýetginjek çykansoň, ony alys ýerde ýaşaýan ady belli akyldardan sapak almaga ugradypdyr.— Sen özbaşdak durmuşa başlamankaň, ýaşaýşyň manysy, bagt barada-da düşünje almagyň gerek. Ony saňa şol akyldardan gowy öwredip biljek bolmaz — diýip, täjir ogluny ýola salanda aýdypdyr. Oglan az ýöräp, köp ýöräp, şol aýdylýan ussadyň ýaşaýan ýerine barýar. Akyldaryň ägirt uly köşkde ýaşaýanyny gören oglan haýran galýar. Köşgüň içi hakyky toýhanany ýada salýarmyşyn. Bir çetde aýdym-saz edilip dursa, başga bir ýerde küşt oýnaýanlaryň daşy hümermişin. Akyldaryň özi-de daşyna adam baryny üýşürip, bir zatlary gürrüň berip otyrmyş. Ahyrsoňy oglan akyldaryň huzuryna barýar. Oglanyň islegini diňlän ussat:— Edil häzir-ä meniň saňa sarp edere wagtym ýok. Ýöne şunça ýol söküp gelipsiň, boşaşýançam köşgüme aýlanyp gör. Iki sagatdan gel, onsoň arkaýyn gürleşeris — diýýär. Ol bir çemçä iki damja ýag damdyrýar-da, oglana uzadýar. — Ine, şuny ýanyň bilen alyp git, ýöne içindäkini dökäýmänjik yzyna getirgin. Oglan akyldaryň aýdyşy ýaly, çemçeden ünsüni sowman, köşgüň içine aýlanyp çykýar. Iki sagatdan yzyna baranda, akyldar:— Ýeri, nähili, köşgüm ýaradymy? — diýip, ondan soraýar. — Owadan halylary, baý kitaphanamy, diwarlara çekilen suratlary neneň gördüň? On ýyl yhlas edip ýetişdiren bagym nähili?

Oglan sesini çykarman, ýüzüni sallap durşuna, akyldaryň sargydyny ýerine ýetirmek üçin bar ünsüni çemçä berip, köşgi synlamagy unudandygyny boýun alýar.

— Bar, onda köşgümi gowuja synlap gel. Ýaşaýan ýerine belet bolmadyk adamyňdan nädip sapak aljak? — diýip, akyldar ony ýene yzyna ugradýar.

Oglan çemçäni alyp, ýene-de yzyna gidýär. Bu gezek welin ol köşgüň diwarlaryndaky sungat eserlerini, ajaýyp halylary, kitaplary, serhowuzly bagy... synlap, aýdylan wagtdanam köp eglenip yzyna gelýär. Gelibem akyldara gören zatlaryny birin-birin gürrüň berýär. Akyldar onuň elindäki çemçä seredip durşuna:

— Meniň ynam edip berip goýberen ýagymy näme etdiň? — diýip soraýar.

Diňe şonda çemçe ýadyna düşen oglan gözlerini tegeläp, ussada seredip duruberýär.

— Ine, bu durmuşyň ilkinji pelsepesi şudur — diýip, akyldar ýylgyrýar. Bar ünsüňi içki dünýäňe, maşgala durmuşyňa berip, bu durmuşyň gözelliklerini duýman ýaşamagam gowy däl. Ýöne gözelliklere akylyňy aldyryp, çemçäňi nirede boşadanyňy bilmezligem saňa lezzet bermez. Şol ikisiniň arasyndaky sazlaşygy tapmagy başarmak — ylymlaryň iň ilkinjisi hem ulusydyr.

 

Rus dilinden terjime eden

Mähri AGAJUMAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň talyby,

“Edebiýat we sungat” gazeti.

Öňki makala

HASAP WE NETIJE

Indiki makala

AÝTEREK – GÜNTEREK

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR