HASAP WE NETIJE

Adamlar şeýle bir hasapçyl bolupdyr. “Hasaply dost uzaga gider” diýilýär, hernä şeýle bolsun‐da, ýöne bu hasaplardaky dostlugyň garasyny görmek we ýürekleri barlamak üçin iň soňky enjamly mikroskoplary ulanaýmasaň, adaty gözüň aldap, arassa duýgunyň hem ýalňyşdyraýmagy mümkin. Okuwçy döwrümiz hasap mugallymymyz “Adamyň bir güni hem hasapsyz geçmeýär. Biziň her bir aýdýan, aňlaýan zadymyzda hökman sanlar ulanylýandyr” diýerdi. Ondan bäri ýyllar geçdi. Dogrudan hem, sansyz‐hasapsyz gün ýok eken. Hasapsyz zat hem ýok eken.Ýöne, käbir adamlaryň hasaby welin, egnimizdäki perişdeleriň hasap depderinden hem has galyň görünýär. Olar ömürlerinde bolan her bir öýkäni, kinäni özleriniň nähak düşünendigine garamazdan, şo‐ol belläp gidip otyr, ýazyp gidip otyr. Beýle hasapçylar, durmuşyň geçirimli adamlara çynlakaý gülüp bakýandygyny unudýan bolara çemeli. Ýatlabilseň, ömrüňdäki ýagşy zatlary ýatlamaly, begenjiňi‐şatlygyňy göz öňüňe getirmeli, ile‐güne ýene‐de ýagşylyk etmegiň höwesinde‐hyjuwynda gezmeli. Eger namys ara goşulmaýan bolsa, galan babatda sähelçe göwnüňe degen kimdir birinden ar aljak bolmak, seniň onça  ýokdugyňy, şondan hem pesdigiňi 37 aňladýar. Deň bolmaly däl, beýik bolmaly. Geçirimlilik etseň, arkaňda‐alnyňda Alla gülüp bakar. Onsoňam, her bir ownuk‐uşak zady hasaplap, owaldan ýüki ýetik ýürege agram salma, sen entek köpe gerek. Öýke‐kine, kitüw, göriplik, gybatkeşlik, gep gezdirmek, kezzaplyk, hyýanat ýaly zatlar ýüregiň derdini artdyryp, bedene mähnet tartdyrýandyr. Ol adamy barha göwnüçökgünlige iterýär, ynamsyzlygy, müňkürligi oýarýar. Has beteri‐de, bu hasaplaryň ahyr soňunda kimiň haýryna çözüljekdigi gümana. Arada bir hasap mugallymy bilen oturmak miýesser etdi. Birnäçe sanlary goşa ýaýyň içine saldy, köküň aşagyna girizdi, ýene birnäçesini kwadratyny‐kubyny hasaplap, ahyrsoňunda deňdir alamatynyň yzyndan bir nolluk ýazdy. Uludan demini aldy‐da “Ahyry hasaby çykdy” diýdi. Men onuň meseläni çözenine begendim, ýöne şol pursatda durmuşdaky hasaplarymyzy ýatlap howpurgadym. “Ýeri meniň şunça ýyllap ýürekde göterip ýören “hasaplarym” ahyrsoňunda netijesi nola deň bolsa näderdim? Üstesine‐de, men olaryň her biri üçin ýüregimi gyýym‐gyýym dilip, para‐para etmedimmi, olaryň öz göwnüne degmedimmi? A birden ol hasaplarym nol hem bolman, minus bolup çyksa näderin?” diýdim. Şondan soň, dogrusy mundan öňem mende beýle hasap ýöredilenokdy welin, ol zatlary mundan bu ýana‐da hasaplajak bolmadym. Diňe, aýdylaýmaly zady käteler jylawlatmajak bolýan nebsime welin aýdyp galdym, belki şeýle nebis ýene‐de birnäçe adamda duş gelýändir: “Eý nebsim, iliň gülküsini,  ýaňsylamasyny, arkadan edilýän we günibirin ýetirilýän ýalan‐ýaşryk gürrüňleri ýatlap, ýüregiňe agram salyp, her bir zady hasaplap oturma. Matematikadan ussat adam hem, durmuş meselesinde köp halatda gömük adam bilen des‐ deňdir. Hiç wagt öz akylyňa, ukybyňa, başarnygyňa, baýlygyňa, 38 tanyşlaryňa, ýakynlaryňa, gara güýjüňe bil baglap, gözsüz batyrlyga esaslanma, özgeleri kemsitjek, gaýgylandyrjak, hasrata batyrjak sözleri aýtma, öz bähbidiňi, göwün islegiňi, nebsiňi ileri tutup, ýaşyrynlyk bilen ikiýüzli hereket etme, iliň‐günüň şowsuzlygyna begenme, hesretli gününe heşelle kakma! Döwran diýmek, aýlanyp duran döwür diýmekdir. Wagty gelende durmuş her kime gülüp bakar, şonda düýnki tekepbirler, şu günki ulumsylar har bolar, aýagyňdan çakan garynjany köwşüň bilen mynjyradyşyň ýaly, ol päliýamanlary pelegiň özi pyrlandyryp goýberer.Şonuň üçin her bir zady hasaplap oturma, ýokarda biri bardyr, ähli zady şonuň Özi hasaplap oturandyr. Ähli zadyň dogry netijesini hem Şol çykarýandyr. Sen bolsa hiç zady hasaplama, birden hasabyňy ýitirip, hem bulaşyp, hem ähli zady bulaşdyryp oturma! Ähli zady öz pikiriňe muwapyk getirjek bolup, dünýäni düňderäýme. Hasabyňda bärden gaýtsaň, köp zat gözüňe artykmaç görner, köp zady alnyňdan aýrasyň geler. Emma, Hudaýyň ýaradan dünýäsinde artykmaç zat ýok‐da, ýerli‐ýerinde goýulmadyk zat köpdür. Hasabyňda öte geçseň, ençeme zady gaýtadan ýugurjak bolarsyň, göwnüňe jaýlamak islärsiň. Emma, hiç haçan döräli bäri togalak bolan Ýer şaryny dörtburç şekile getirip bolmaýar! Ähli zady Hudaýa tabşyr! Hudaýyň hasaby örän takykdyr! Ol örän adyldyr! Şonuň üçin hem, eý nebsim, meniň ýalňyşlyklarymy hem, ýagşylyklarymy hem hasaplap oturma. Adamyň edýän her bir işi, isle ýagşylyk, isle ýamanlyk bolsun, edil her bir söwdagäriň banka goýýan goýumy ýalydyr. Uzak wagt geçmänkä Beýik hasapçy ony birnäçe esse göterimi bilen bize gaýdyp berýär welin, biz öz hasabymyzyň öteräkdigini ýa‐da kemterdigini aňlaýarys. Gel, gowusy, 39 hasapsyz ýaşap bolmaýan bu durmuşda diňe özümize gerekli zatlary hasaplap ýaşabereli. Iň dogrusy hem şudur”.

Awtory

Rahmet GYLYJOW

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR