Türkmen üçin at bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.Owadanlykda, ýyndamlykda,eýesine wepalylykda, çydamlylykda, duýgurlykda türkmen ahalteke bedewiniň deňi-taýy ýokdyr. Gözeligiň, syratlylygyň haýran galdyryjy, özüne imrindiriji nusgasyna öwrülen owadan bedewlerimiz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň rowaçlyklarynyň gönezligi bolupdyr.
Bäşmüňýyllyk taryhy bolan halkymyzyň öz döreden genji-hazynalarynyň biri, buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri diňe bir ruhy dünýämiziň däl eýsem-de toýlarymyzyň, dabaralarymyzyň hem bezegidir. Behişdi bedewlerimiz halkymyzyň ylmy medenýetidir.Bedew aty halkymyzyň beýik sungatydyr, päkligidir, tutanýerlilik bilen ýeten derejesidir. Hut şonuň üçinem ata-babalarymyz tarapyndan “Atym bar-ganatym bar”, “Atyň barka ýol gazan, ataň barka – dost”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Aýagy ýelden-bedeni gülden”, “Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy” ýaly nakyllar dörapdir.
Ahalteke bedewlerimiz barada ir döwürde ýaşap geçen alymlar,taryhçylar we jahankeşdeler hem ajaýyp sözleri taryhy çeşmelerde galdyrypdyrlar.Olardan XVI asyrda ýaşap geçen Kyýasetdin Aly “Bu atlar ýyndamlygyň nusgasyny jerenlerden alypdyr.Bu atlaryň hyrujy-ataş, süýnüp-sarkmasy akar suw kybapdyr” – diýip bellese, fransuz syýahatçysy Bertrandon de La-Brokuýer “Türkmen bedewleri söweşe girenlerinde öz üstüne juda uly garamaty alýar.Olaryň çydamlylygyny söz bilen aýdyp-diýer ýaly däl.Olar üç günlük ýoly ýeke günde alýar”-diýip ýazypdyr.IX asyr alymy Al Jahyz Oguz türkmenleri barada şeýle ýazypdyr: “Eger-de sen oguzlaryň –türkmenleriň durmuşyny öwrenip, onuň her gününi sanasaň, onuň at üstünde ýerdäkiden köp bolýandygyny görerdiň.
Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň durmuşynda bedew örän möhüm orny eýeläp gelýär.Türkmenler atlaryny edil çagalary ýaly besläp bakypdyrlar,olary dünýä inen ilkinji günlerinden yhlas bilen seredip, günde iki wagtyna arassalapdyrlar.Halkymyzyň at bilen iş salyşýanlary diňe bir ökde çapyksuwar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, aty seýislemekde hem tapawutlanypdyrlar.
Türkmen ýigidiniň ýowuz gününde ýoldaşy, şatlykly toý gününde bezegi bolan ahalteke bedewleri şu günki güne çenli şöhratly taryhy ýoly geçdiler.Behişdi bedewlerini maşgala agzalarynyň biri hökmünde gören türkmen halky olaryň tohum arassalygyny saklamak bilen bir-birinden owadan ýyndam atlary ösdürip ýetişdiripdir.Dünýäde arassa ganlylygyn saklan ýek-täk bedew-ahalteke bedewidir.Türkmeniň atçylyk sungatynda, durmuşynda öçmejek yz galdyran ajaýyp atlar barmak büküp sanardan köp. Olardan Arap,Absent,Eýeberdi, Teleke,Gyrsakar,Garlawaç, Pereň,Ýel, Gaplaň, Meleguş... ýaly wagtynda uly aýlawlary baglap öňlerine at geçirmedik, ýyndamlygy we owadanlygy bilen göreni aňk eden ajaýyp ahalteke bedewlerimiz diňe bir türkmeniň däl-de tutuş dünýäniň guwanjydyr diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda behişdi bedewlerimize goýulýan hormat has-da belent derejelere göterildi.Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny,ýyndamlygyny,gözelligini saklap gelýär.Milli mirasymyzy gaýtadan dikeltmek, geljek nesillerimize ýetirmek barada uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, alyp barýan işleri uly ösüşlere eýe bolsun!
Güljemal BAÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.