Atlar 100-e golaý dürli ses çykarmaga ukyplydyrlar. Olar şatlygyny, gorkusyny, gaharyny bildirmekde, duşmanlaryny gorkuzmakda, taýçanagyny çagyrmakda dürli-dürli ses edýärler.
Çapyksuwarlaryň, seýisleriň, umuman, at bilen iş salyşýan adamlaryň süýji keseli bilen kesellemek mümkinçiligi beýleki adamlara görä 50 göterim azdyr.
Atyň öňünde kofeli we kakaoly bedreleri goýanlarynda, ol bäş gezekden dört gezek kofeli bedräni “saýlapdyr”.
Peruda ýaşaýan “misran” atly taýpada “at”sözi alty sözden ybarat bolup, ol terjime edilende “deňiz tarapdan gelen akýagyz adamyň sakar jandary” diýmegi aňladýar.
Arap atly ahalteke bedewi 1 müň 600 metr aralygy 1 minut 50 sekuntda geçip,dünýäniň rekordyny goýupdyr. 1947-nji ýylda Moskwada geçirilen ýaryşda bolsa ol 2 metr 12 santimetr belentlikden böküp, ýeňiş gazanypdyr.
Alymlar agramy bary ýogy 5 kilograma,boýy 35 santimetre barabar bolan, eogippis, ýagny “säher aty” diýip atlandyrylan ilkinji atlaryň 60 million ýyl mundan ozal ýaşap geçendigi baradaky çaklamany öňe sürýärler.
Toplan Oguljahan ATAMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.