Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklara ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň geljegi nazarlaýan özgertmeler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi wajyp orny eýeleýär. Şonuň netijesinde dürli pudaklarda ulanylýan tehnikalar we tehnologiýalar yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar ýurdumyzyň önümçiligine güýçli depginde ornaşdyrylýar. Ylym bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli alnyp barylmagy, ylmy edaralarda we ýokary okuw mekdeplerinde alymlar geňeşleriniň işlemegi ösüşler zamanasynda uly ähmiýete eýe bolýar. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdeplerde, ylmy-barlag edaralarynda aspiranturalara, doktoranturalara, ordinaturalara her ýyl dalaşgärleriň onlarçasynyň kabul edilmegi beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzyň ylym babatdaky geljegini görkezýär. Döwrebap bilim-terbiýe gurşawynyň döredilmegi netijesinde, ýaş alymlar häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýarlar. Olar döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Netijede, Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň sany artýar. Ylmyň we tehnikanyň ösen şertlerinde dünýäniň uly ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary yzygiderli tejribe alyşýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda ylmy-barlag işleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk guramakda uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň paýtagty halkara ylmy seminarlaryň, konferensiýalaryň, maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Daşary ýurtly hünärmenler Türkmenistanda bilim bermegiň öňdebaryjy usullarynyň durmuşa ornaşdyrylyşy, mugallymçylyk iş tejribeleri bilen içgin gyzyklanýarlar. 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” hem ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, olara dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň elýeter bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Biz ýaşlara edara-kärhanalarda okuw mekdeplerinde şeýle şert münkinçilikleri açyp berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly serdarymyza ähli ýaşlaň adynda köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
E.ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.