Irki çagalyk döwründe ekranyň öňünde köp oturylmagy çaganyň geljekde işjeň hereketlilik ýagdaýyna uly zeper ýetirýär. Ozal çaganyň ekranyň öňünde köp oturmagynyň semizlige, gözüň görşine ýetirýän zeleli barada aýdylýardy. Emma onuň mundan başgada işjeň hereketliligi, uka sarp ediljek wagty hem «ogurlaýandygy» üns bermäge degişlidir. Hünärmenler 2-3 ýaşly çaganyň ekranyň öňünde oturmak endiginiň onuň 5 ýaşan mahalynda gündelik öz wagtyny geçirişine ýetirýän täsirini öwrenipdirler. Aýratyn-da, ekranyň öňünde oturmak endiginiň çaganyň uky kadasyna we işjeňligine ýetirýän täsirine üns beripdirler. Alymlar barlag işine 500-den köpräk çagany goşupdyrlar. Olar çagalaryň näçe wagtlaryny dürli görnüşli ekranlara, ýagny telewizora, planşete, smartfona seredip geçirýändiklerini hasaba alypdyrlar. 2-3 ýaşly çagalar günüň dowamynda ortaça 2,5 sagatlap ekranyň öňünde wagtyny geçiripdirler. Köp wagtyny telewizora seretmäge sarp edipdirler. 2-3 ýaşyndaka ekranyň öňünde gündelik 3 sagatdan köp oturan çagalaryň fiziki işjeňlige sarp edýän wagty, ekranyň öňünde 1 sagatdan az oturan çagalaryň işjeň herekete sarp edýän wagtyndan 5 ýaşa ýetende 40 minut çemesi kem bolýandygy anyklanypdyr. 10 minutlyk işjeň fiziki hereket we 30 minutlyk ýeňil fiziki hereket «ýitirilipdir»
Göz keselleri - Ekrana uzak wagtlap seredilmegi gözüň myşsalarynyň ýadamagyna, netijede, gözüň görşüniň peselmegine getirýär. Kompýutere köp seredilýän wagty, adatça, gözüň gyrpylmasy seýrekleşýär we gözüň guramagy ýüze çykýar. Bu hadysalaryň öz wagtynda öňi alynmasa birnäçe göz keselleriniň döremegine getirýändigi mälimdir. Çagalarda bolsa, şowakörlügiň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Şol sebäpli kompýuterde işlenilýän wagty arakesme etmek möhümdir. Arakesmäniň dowamynda gözleriň ýadawlygyny aýyrmak üçin, ilki bilen, 15 sekuntlap ýakyn aralykdaky bir nokada, soňra 15 sekuntlap uzak aralykda.
Daýanç-hereket ediş ulgamynyň keselleri - Kompýuterde işlenilende köp wagtlap şol bir görnüşde oturylýar, bu bolsa, arka myşsalaryň aýratyn bir bölegine artyk agramyň, beýleki bölegine hem az agramyň düşmegine getirýär. Bu ýagdaýyň uzak wagtlap yzygiderli gaýtalanmagy oňurgada näsazlygyň, ýagny osteohondrozyň, oňurganyň gyşarmasynyň döremegine sebäp bolýar. Çagalarda onuň başga-da dürli keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy mümkindir. Bu hadysalaryň öňüni almak üçin, kompýuteriň öňünde rahat oturar ýaly şert döretmeli, wagtal-wagtal oturyp-turmaly, ýeňiljek maşklary ýerine ýetirmeli.
Psihoemosional täsiri -Telewizoryň, kompýuteriň öňünde ýa-da planşete, smartfona güýmenip köp oturmagyň saglyk üçin zeleli bardyr. Bu ýagdaýda görnetin bedeniň hereketliligi peselýär. Hereket peselse bedende gan aýlanyş hem peselýär. Şeýle-de islendik ekrana gereginden artyk seredilmegi adamyň nerw ulgamyna zyýanly täsirini ýetirýär. Ol gaharjaňlygyň döremegine, ukynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Şol sebäpli ekrana gereginden artyk baglanyp köp oturmaly däl, arakesme etmeli, göze we umumy bedene degişli dürli maşklary ýerine ýetirmeli, beden hem-de psihiki saglyk barada aladany ýatdan çykarmaly däl.
E.ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.