Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly işleriniň netijesinde ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin aladalar edilýär. Häzirki taryhy zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, halkymyza mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemäge, geçmiş taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy kämil bilýän we ony hormatlaýan şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle çäreleriň biri hem Balkanabat şäheriniň 5-17-nji orta mekdepleriniň mejlisler jaýlarynda geçirilen bu ýygnaga Balkanabat şäher PB-niň KÝÝIBB-wekili, BWAIDS öňini alyş merkeziniň lukmany Balkan welaýat Baş Bilim müdirliginiň wekili şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň wekilli çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwüründe Watanymyzda adamlaryň asudalygyny goramak barada alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň ösüşleri, ýaşlaryň ähli taraplaýyn sagdyn, aňly düşünjeli kemala gelmekleri, olaryň öz saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary ýokary intellektual ulgamlardan baş çykaryp bilýän, watanymyza, Arkadagly Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna wepaly bolup okamaklary, ýaşamaklary üçin döredilýän şertler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem 2022-2023-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän “Soňky jaň” dabarasyny üstünlikli geçirmek maksady bilen 11-nji synpy tamamlaýan uçurymlary bilen bilelikde mekdep lybasynyň talaba laýyk bolmalydygy, Milliligi, arassa ahlaklylygy, maşgala mukaddesligi, milli ruhda döwrebap nesil terbiýesi barada, baýramçylyk çärelerinde milli äheňde geýinmekleri meseleleri barada wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatda zerur şertleriň hem-de möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine, şeýle-de olary goldamaga gönükdirilýär. Şoňa görä-de, bu günki günde döwür bilen aýakdaş gadam urýan bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ymtylyş döredýär. Ýygnakda çykyş edenleriň her biri biziň şeýle eşretli, parahat durmuşymyzyň we asuda ýaşaýşymyzyň sakasynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak we il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
E.ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.