Balkanabat şäher PB-niň KÝÝIBB-wekili, BWAIDS öňini alyş merkeziniň lukmany, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň wekili, bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň ýaş hünärmenleriniň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda ýokanç däl keseller, ýiti ýokanç keseller, zyýanly endikler, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi duşuşykda çykyş edeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň sagdyn ýaşamagyny üpjün etmek, şol sanda sagdyn iýmitlenmek, zähmet bilen dynç alşy talabalaýyk alyp barmak, sport bilen meşgullanmak we beýleki ugurlar bilen sazlaşykly utgaşdyrmak ýaly işler ileri tutulýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen ugurlaryň biri hem, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamanyň sazlaşykly utgaşýandygyny bellemek bolar. Adamlar asyrlarboýy sagdyn bolmagyň, uzak ýaşamagyň syrlaryny bilmäge çalşypdyrlar. Adamlaryň sagdyn ýaşamagynyň esasy böleginiň özüne baglydygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek zerurdyr. Esasan hem, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek ýaly ugurlara üns berilýär. Iýmitlenmekde ter miweler, süýt önümleri peýdalydyr. Ata-babalarymyz adam saglygy üçin peýdaly iýmit bolan süýt önümlerini taýýarlamagyň usullaryny nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Elbetde, adam arassa, tämiz howa bilen tebigata ýaramly we ekologiýa taýdan arassa iýmitlere mätäçdir. Adamyň saglygy tebigat bilen baglydyr. Häzirki wagtda döwletimiziň ylmy merkezlerinde ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler, tebigy minerallar bilen adamlaryň saglygyny dikeltmek işleri alnyp barylýar. Ilatymyzyň gündelik ulanýan azyk önümlerini, şol azyk önümlerini öndürýän ähli kärhanalarda, meselem, nahar duzuny ýod bilen, unlary demir bilen baýlaşdyrmak raýatlaryň saglygyny goramagyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak üçin gurulýan hassahanalaryň, sagaldyş merkezleriň ýokary innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýandygy saglygy goraýyş ulgamynyň ösýändiginden habar berýär. Mundan başga-da, lukmanlar özleriniň iş tejribelerinde döwrebap bejeriş usullaryny ulanýarlar. Eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde meşhurdyr. Muňa biz geçirilýän sport çärelerinden, welosipedli ýörişlerden hem göz ýetirýäris. Welosiped sürmek ynsan saglygyna oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär, sagdynlygy, ruhubelentligi bagyşlaýar. Şonuň netijesinde, sagdyn bedeniň kesellere garşy durnuklylygy gazanylýar, ömrüň dowamlylygy artýandygy barada düşündiriş işleri geçirilip Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.
E.ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.