WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny berkitmeklige, bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmekligine uly üns beripdirler. Täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär.

Ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de körpe nesillerde Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen açylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýurdumyzda çaganyň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmeginde amala aşyrylan beýik işlerdir.

Ýakynda bu haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz her welaýatyň ýaşuly wekilleriniň ýerlerde alyp barýan işleri hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda ýerine ýetirilýän giň möçberli işleriň netijeleri bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ýene-de bir Kararnamanyň, ýagny her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilendigini belläp geçdi. Şu Kararnamanyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň dowam edýän daşary syýasatynyň dünýädäki ornunyň belentdigini, ähmiýetlidigini we barha rowaçlanýandygyny görkezýär.

2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň 2107 harby bölüminde harby gullukçylaryň, esgerleriň gatnaşmagynda şu ýylyň 22-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz nesihat etmek maksady bilen «Ýaşulular geňeş etse» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen işlere örän uly goşant goşýandygy barada bellediler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI