Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäheri Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edildi. Bu günki gün Aşgabat ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň merkezidir.
Her ýyl 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni we okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda medeni çäreler, konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, sergiler we beýleki baýramçylyk çäreleri ýokary derejede guralýar.
Şeýle çäreleriň biri-de, ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramagynda Kerki etrabynyň Medeniýet merkezinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Merjen şäher — Aşgabat» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabaraly çärä Kerki etrabynyň medeniýet we sungat işgärleri, etrabyň edara-guramalarynda zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-sazly çäräniň dowamynda Kerki etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylary döwrümiziň ösüşlerini, ýeten sepgitlerini we paýtagtymyz Aşgabady wasp edýän birnäçe şirin aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.