25-nji maýda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem uly şatlyk-şowhuna beslenip «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Oňa mekdebi tamamlaýan uçurym ýaşlar bilen birlikde, ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri-de guramaçylykly gatnaşdylar.
Dabarada jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtly zamanamyzy wagyz etmekde, ders olimpiadalarynda tapawutlanan zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilen «Iň göreldeli okuwçy» atly bäsleşiginde üstünlik gazanan okuwçylara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary ruhubelentlik ýagdaýynda gowşuryldy. «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýaňlanan aýdymdyr sazlar uçurymlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.