Düýn ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň sesi ýaňlandy we okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýan oglan-gyzlar üçin has-da tolgundyryjy günde, ir säherden umumybilim berýän orta mekdepleriň gapylary şowhunly aýdym-sazly dabaraly çärelere beslendi. Olara mekdebi tamamlan uçurymlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Bu günki mekdep uçurymlary mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek, häzirkizaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilim aldylar. Olaryň hatarynda sport bäsleşiklerinde we dürli dersler boýunça geçirilen olimpiadalarda ýeňiji bolanlar, döredijilik bäsleşiklerine, çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine gatnaşyp, öz mekdepleriniň abraýyny goran okuwçylar bar.
Häzirki döwürde döwlet ösüşiniň depginleri häzirki zaman täzeçil tehnologiýalara kämil derejede erk edip bilýän hünärmenleriň taýýarlygyny talap edýär. Her ýylda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirkizaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýän mekdepleri, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary we çagalar-sagaldyş dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy üçin mekdepleriň okuw tertipnamalaryna beýleki dersler bilen bir hatarda ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa we täzeçil tehnologiýa ýaly dersler hem-de möhüm täze usullar girizildi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi himiýa, biologiýa we beýleki dersleri çuňňur özleşdirmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini kesgitledi. Köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen, mekdep okuwçylaryna öwredilýän daşary ýurt dilleriniň görnüşleri artdyrylýar we olaryň okadylyş usuly kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda iňlis, fransuz, nemes, ýapon dillerini çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär. Dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen hyzmatdaşlyk has-da giňeldi. Türkmenistanda maslahatlaryň, sergileriň, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi, oňa köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Soňky jaň» dabarasyna gatnaşyjy uçurym ýaşlaryň arzuwlary Watanyna ygrarly nesiller bolmak, onuň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşmak hem-de kuwwatyny we şöhratyny artdyrmak ýaly maksatlar bilen baglanyşýar.
Orta mekdebi tamamlap, durmuş ýoluna gadam basýan uçurymlaryň ählisine ak ýol arzuwlaýarys! Olaryň her birine ata Watanymyzyň mynasyp ýaşlary bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris!
Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
Arzuw ÖWEZMURADOWA,
Türkmenabat şäheriniň 23-nji orta
mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.