MAŞGALAM — BAŞ GALAM

Türkmen halkynyň ruhy baýlygynyň esasy bölegini özünde jemleýän gymmatlyklaryň möhüm bölegini nakyllar emele getirýär. Nakyllar türkmen halkynyň pähim-paýhasyna ýugrulan şygra mahsus bolan çeperçilik alamatlaryny özünde jemleýän gadymy söz sungaty hasaplanylýar «Paýhas çeşmesi» kitaby hem nakyllar ýygyndysy bolup, onuň her bir setiri çuňňur many mazmuna eýedir. Bu gymmatly kitapda adamyň durmuşyndaky esasy bäş sany ugra – watançylyk we gahrymançylyk, edep-terbiýe we ahlak, ylym-bilim we hünär, tebigat we zähmet hem-de durmuş pelsepelerine üns berilýär.

2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminde zähmet çekýän işgärleriň arasynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky türkmen maşgalasy bilen baglanyşykly atalar sözi, nakyllar we paýhasly pikirler boýunça maşgala mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen «Maşgalam — baş galam» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Kerki etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň hünärmeni M.Pirhanowa dagy çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

02 Iýun 2023 | 52 okalan

BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

01 Iýun 2023 | 47 okalan

MASLAHAT GEÇIRILDI

30 Maý 2023 | 98 okalan

TÜRKMEN HALYSY — ARŞYŇ NEPISLIGI