SPORT BAGTYŇ AÇARYDYR

Ýakynda Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň Lebap welaýat Baş bilim müdirligi we «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasy bilen bilelikde guramagynda dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport bagtyň açarydyr» atly sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik uly şatlyk-şowhuna beslendi hem-de çagalarda ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Ýaryşyň ahyrynda ýeňiş gazanan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Şeýhnazar DAWLETOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 60 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM

24 Oktýabr 2025 | 411 okalan

SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN GELJEK

24 Oktýabr 2025 | 437 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM