Ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň «Türkmenbaşy» bankynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet Täjirçilik «Türkmenbaşy» bankynyň Lebap şahamçasy bilen bilelikde guramagynda bankyň ýaş hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde ýaşlarynyň işjeňligini artdyrmak maksady bilen «Ýaş telekeçiler» atly okuw maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler ykdysady taýdan ösen döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan telekeçilik işini ösdürmekde we kämilleşdirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hukuk ulgamynda islendik hukuk pudagy beýleki hukuk pudaklary bilen baglanyşyklydyr. Telekeçilik hukugy hem, öz gezeginde, konstitusion hukuk, raýat hukugy, dolandyryş hukugy, jenaýat hukugy, zähmet hukugy we beýleki hukuk pudaklary bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, önüm öndürmekde we gurluşyk pudagyny ýokarlandyrmakda netijeli işleri alyp barýarlar. Hakykatdan-da, her bir ýurduň ösüşinde uly wezipäni eýeleýän ugurlaryň esasylarynyň biri hususy telekeçilik işidir diýip giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ýaşlara okamaga, işlemäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ýusup BABAKULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.