Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Ata Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim almaklaryna, döwletlilik ýörelgesine görä terbiýelenmegine, sagdyn we berk bedenli bolup, ösüp ýetişmeklerine we hünär öwrenmeklerine gönükdirilen işler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň rowaçlanýan, türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň täze belentliklere göterilýän eşretli eýýamyna öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty ýaş nesliň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagy, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we sagdyn-durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy kemala getirmek, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Şu günler ýaşlaryň, orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolan “Soňky jaň” dabarasyna guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Şol dabaralary ýokary guramaçylykly geçirmek, tertip-düzgün kadalary barada mekdep okuwçylarynyň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Çärjew etrabynyň 38-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň düzgün-tertip kadalaryny berjaý etmekligi, ýetip gelýän soňky jaň dabaralaryna guramaçylykly gatnaşmaklaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen “Akylly ogul – hümmetli, akylly gyz – gymmatly” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni N.Rahmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň bölüm müdiri Ý.Bazarow, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy Z.Myradowa, mekdep müdiri M.Abdykadyrowa çykyş etdiler.
Nadira RAHMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.