BAŞ KANUNYMYZ – DAŞYMYZYŇ GALASY

Konstitusiýa – bu döwletimiziň mizemez sütüni bolmak bilen ýurdumyzdaky ähli kanunçylyk namalarynyň gözbaş alýan esasy baş kanuny bolup durýar. Döwletimiziň esasy kanuny bolandygy üçin ol edil beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalary ýaly, hökmany häsiýetlidir, ýöne welin şol bir wagtyň özünde ol beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryndan ýokary hukuk güýjüne eýe bolmagy bilen tapawutlanýar.

Ine, şeýle möhüm Kanun bolan biziň Konstitusiýamyz barada giňişleýin düşünje bermek üçin ýakynda etrap prokuraturasy, etrabyň jemgyýetçilik guramalary we etrap ýaşlar guramasy bilen bilelikde etrabyň orta mekdeplerinde çykyşlar gurnaldy.

Mälim bolşy ýaly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýaşlaryň hukuk düşünjesini artdyrmak, olary ýurdumyzda hereket edýän kanunlar bilen tanyşdyrmak, raýatyň hukuklary we borçlary barada giň düşünje bermek möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän her bir çäreler ýaşlarda Watan mukaddesliklerine bolan hormaty artdyrýar. Garaşsyz baky Bitarap döwletimiziň bütin dünýäde uly abraýy bar. Ol abraýy mundan beýläk-de artdyrmak elbetde, şu günki ýaşlaryň öňünde durýan belent wezipedir. Şu borjuna düşünýän ýaşlar bilen geçirilýän yzygiderli duşuşyklar özüniň gowy netijesini-de berýär. Hut şonuň üçin ýaşlar baradaky alada bu gün döwletiň baş aladasy bolup durýar.

 

D.S.ÇARYÝEW,

Lebap welaýatynyň Kerki etrap prokurorynyň

uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 36 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 30 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 39 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI