Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni baýramy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly joşgun dabara bilen bellenilip geçirilýär. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi ýurduň syýasy ösüşinde täze bir eýýam döretdi. Türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan Watanyň ýaşyl baýdagy çuňňur taryhy köklere eýedir. Konstitusiýa we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň her ýyl bellenmegi raýatlaryň we, esasanam, ýaşlaryň arasynda konstitusion gymmatlyklary döretmäge hem ýaýratmaga gönükdirilendir. Şonuň üçin bu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary bilen geçirilýän bu goşa baýram aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasy ugurlary özünde jemlemek bilen, ol döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp, baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär.
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, etrap häkimligi we medeniýet bölümi bilen bilelikde etrap häkimliginiň öňünde bezelen meýdançada “Döwlet mertebesi–Watan baýdagy” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Aýdym-sazly çäräniň dowamynda Kerki etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň joşgunyny has-da belende göterdi. Dabaraly çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentligi, şatlygy türkmen halkynyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan, nurana arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.