Türkmenistan dünýäniň iň abraýly guramalarynyň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň wekilçilikli edaralary bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Çünki Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu hakykaty ýurdumyzyň bu abraýly guramanyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen has ykjam häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygynyň mysalynda hem görmek bolýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň iň buýsançly wakalaryna öwrüldi.
Şonuň ýaly-da, bu ugurdaky Türkmenistanyň tagallalary baý medeni mirasyny aýawly saklap, ony nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bilşimiz ýaly, mundan öň ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan “Gadymy Merw” we “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Mundan başga-da, “Görogly” dessançylyk sungatynyň, Nowruz baýramynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şonuň ýaly-da Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtamak gerek.
Bu abraýly düzüm bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmeginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň netijeli işleri alyp barýandygy aýratyn nygtamak gerek. Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň abraýly düzümiň sanawyna girizilmeginiň halkymyzyň gadymy mirasyny tutuş dünýäde ýaýbaňlandyrmakda nobatdaky üstünliklerdigi aýdyp bileris.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi we halkymyzyň baý mirasynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar ýaşlarymyz hem şeýle döwletiň neslidigine buýsanýarlar. Pederlerimiziň döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny aýap saklamak, goramak we kämilleşdirmek biz üçin uly mertebedir. Bize bu ugurda uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Dinara KARIMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni.