WATANA SÖÝGI MUKADDES DUÝGY

Watan ogly öz ýurdunyň gülläp ösmegi, galkynmagy üçin  jan çekmelidir. Türkmen her näçe kynçylyk görse-de, horluk çekse-de ene sözüne uly hormat goýýar, biz hut enäni söýşimiz ýaly, watany söýmelidiris. Watan ezizligini söz bilen beýan etmek mümkin däl. Ruhubelent ynsan könelerimiziň öz eziz harby gullukçylaryna ündeýän ýene bir häsiýeti ruhubelentlikdir. Könelerimiz ruhubelentligiň watansöýüjiligiň bir şertdigini şeýle beýan edýär. Ruhubelent adamyň ýüreginiň örki bagrynyň bagy onuň eziz Watanydyr. Ata Watanymyzyň edermen gerçeklerine merdana milletimiziň parahatsöýüjilikli ynanyşmak syýasatyny goranyş häsiýetli harby doktrinamyzyň ýörelgelerini we maksatlaryny öwrenmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly kitaplary ýol görkeziji we ygtybarly çeşmedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”, “Bitarap Türkmenistan”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly dürdäne eserlerinde Watan diýlen düşünje ör boýuna galýar.

2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Togrul beg adyndaky 11204 harby bölüminiň harby gullukçylarynyň, esgerleriniň gatnaşmagynda “Watana söýgi mukaddes duýgy” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Kerki etrabynyň ýaşaýjysy hajy ene A.Jumaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Togrul beg adyndaky 11204 harby bölüminiň medeniýet öýüniň müdiri M.Mowlýamowa dagylar çykyş etdiler.

 

Atajan JORAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 36 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 30 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 39 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI