2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli etrabyň orta mekdeplerinde okaýan ýaş ýazyjy şahyrlaryň arasynda halypa şägirtlik ýoluny dowam etdirmek, sungata bolan höwesini has-da artdyrmak we dünýä nusgalyk milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen “Asudalyk aýdymy, parla ýaşyl baýdagym!” atly bäsleşigini geçirildi. Bäsleşikde ýaş şahyrlarymyz özleriniň zehini, ukyp başarnyklaryny, çeper sözlüligini görkezdiler. Olar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Watanymyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini we özleriniň durmuşyndan ýazan goşgylaryny okap berdiler. Bäsleşige Kerki etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, mirasgär, “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýesi A.Abdullaýew, etrabyň merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy G.Hydyrowa eminlik etdiler.
Bäsleşikde etrabyň 27-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy A.Öwlýagulyýew I-orna, etrabyň ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ç.Babamyradowa II-orna, etrabyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy M.Mekanowa III-orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň soňunda oňa gatnaşyjy okuwçylar ýaş ýazyjylarymyzyň ukyp başarnyklaryny, zehinlerini ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak olaryň gelejekde watansöýüji, kämil bolup ýetişmeklerine giň ýol açmak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlary aýtdylar.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.