Her bir özbaşdak ýurduň baş nyşanlary – Döwlet baýdagy, Döwlet Tugrasy, Döwlet senasy bolýar. Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň baky kepilidir, her birimiz üçin mukaddes hem-de ezizdir. Baýdak – bu biziň döwletliligimizdir, berkararlygymyzdyr we bagtyýarlygymyzdyr. Ýaşyl Tug türkmeniň döwletli ýol-ýörelgesiniň, Watanymyzyň taryhy şan-şöhratynyň hem-de bagtyýar geljeginiň nyşanydyr. Dünýäde Döwlet baýdagymyzyň hormatyny we sarpasyny arşa götermegimiz – Berkarar Watanymyzyň mertebesiniň at abraýynyň artmagynyň nyşanydyr! Şu ýerde Döwlet baýdagymyz hakynda şeýle setirler ylhamym joşdurýar :
Ilimiz erkana, ýurdumyz aman,
Günbe-günden ösýär bu ajap zaman,
“Döwlet adam üçindir!” – şygarly barýan
Ýollarda mydama parla, Baýdagym!
Biz owadanlygy, ajaýyp manylara baýlygy bilen mukaddeslige öwrülen Baýdagymyza buýsanyp ýaşamaga haklydyrys. Çünki Baýdagyň al asmanda pasyrdap durmagy döwletimiziň abadanlygyndan, halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Paýtagtymyzdaky 133 metrlik sütündäki uzynlygy 52,5 metr, ini 35 metr baş Baýdagymyz bolsa tutuş milletimiziň buýsanjydyr. 2008-nji ýylyň 29-nji iýunynda dünýäde iň beýik sütünli (flagştokly) Baýdak hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen bu ýaşyl Tugumyz göreniň nazaryny özüne çekýär. Ýaşyl Tugumyz döwlet berkararlygymyzyň mukaddes nyşany, ol türkmeniň buýsanjy, bagtyýar geljege bolan aýdyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşyl tugumyz eziz Diýarymyzyň mizemez berkararlygynyň nyşany bolup Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asuda şemalyna erkin pasyrdaýar. Milli Tugumyzyň parahat, dury asmanymyzda asuda hem buýsançly parlaýan belentliginden ýetilen sepgitlere gysgaça ser salsak, türkmen jemgyýetiniň ähli ugurlarynda gazanylan uly üstünlikler diňe bir bizi däl, eýsem, dünýäniň ähli halklaryny hem örän buýsandyrýar diýsek, juda dogry bolar. Şeýle bolansoň, parasatly pederlerimizden bize “Döwlet – baýdagyndan tanalar” diýen pähim gelip ýetipdir. Pederlerimiziň: “Adam edebinden tanalar, ýurt – Tugundan” diýen ajaýyp pähimi bar. Halkymyzyň geçmişini, şu gününi, geljegini özünde jemleýän mukaddes ýaşyl Tugumyz türkmeniň kalby bolup, dünýä ýüzüne nur saçýar.
Nadira RAHMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.