Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda badalga berlen taryhy özgertmeler ýaşlarda bagtyýar we abadan geljege bolan ynamy berkidýär. Bu günki gün bolsa, kalby ýagşy umyt-arzuwlardan püre-pür türkmen ýaşlary baýdak deýin pasyrdap, okean tolkunlary deýin owsun atyp, halkymyzyň dünýä nusgalyk milli gymmatlyklaryny äleme jar edip, ynamly öňe barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan, il-günüň arzuwdyr isleglerinden ugur alnyp, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen 2023-nji ýyl – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyryldy. 2023-nji ýylyň adynyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de halkara syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlara bildirilen beýik ynamdyr. Ynam barada Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belläp geçýär: ”Belent maksatlara diňe oýlanyşykly we döredijilikli işler, beden we ruhy taýdan kämillik, ýeňişlere we üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolýandyr”.
Ynsan ömrüniň dowamlylygyny, bagtyýar durmuşyny bagyş edýän närseleriň biri-de ynam hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynyň bölümleri: ynam güýç, ynam söýgi, ynam ganat diýlip atlandyrylýar. Romanda berilýän wakalaryň üsti bilen türkmen halkynyň bu düşünje bolan garaýşy doly açylyp görkezilýär. Çeper eserde: “Men adamlara düşünýärin. Olar kimdir birine ynanmak isleýärler. Sebäbi ynam adama güýç berýän, adamy ýaşadýan ýeke-täk gudrat. Ynamyň gutaran ýerinde ýaşaýyş gutarýar. Ähli kişiniň kimdir birine, nämedir bir zada ynanasy gelýär diýmek, onuň ýaşasy gelýär, ýaşamaga çykalga gözleýär diýmek” diýip örän jaýdar belleýär.
Ynam bu dünýäde ýaşap ýören her bir adamyň ýaşaýşynyň, şahsy durmuşynyň mizemez binýadydyr. Ynam egsilmez güýç-kuwwatdyr. Adam diňe öňe ynamly hereket edende ähli päsgelçiliklerden saplanyp, özünde hakyň, halkyň beren güýjüni, ukyp-başarnyklaryny peýdalanyp bilýär. Ynha bu gün türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilip, olaryň öňde goýan maksatlary myradyna gowuşmagy üçin döwletimiz giň mümkinçilik döredýär. Halkyň, döwletiň bu bildiren ynamy ýaşlarymyzyň belent sepgitlere ýetmegi üçin kalbynda geljekki ädimlerine bolan ynamy, halkymyza, watanymyza, Hormatly Prezidentimize söýgüni goşalandyrýar. Bu döwletli döwranda häzirki wagtda ýaşlarymyz Hormatly Prezidentimiziň milli Liderimiziň ynamyny ödemäge mynasyp ýaşlar bolup ýetişmäge yhlas edýärler. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň kalbynda geljege bolan ynam, ruhubelentlik, Watana, döwre bolan söýgi agdyklyk edýär. Bildirilýän ynam türkmen ýaşlarynyň geljekki durmuş menzilleriniň, wysaldyr arzuwlarynyň amala aşmagy üçin özlerinde bolan gaýraty, tutanýerliligi kemala getirýär. Eýsem, türkmen ýaşlarynyň kalbyna şeýle ynamy, joşguny salýan zadyň gönezligi nämekä? Ol – döwletimiziň ýaşlar üçin edýän beýik aladasy. Zamanamyzyň ajaýyplygy.
Türkmen ýaşlaryna döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilik olaryň halallyga, ýagşylyga ymtylmagyna, özlerini ynjalykly duýmagyna, maksada okgunly bolmagyna, päk zähmete yhlasly ýapyşmagyna iterýär. Gadamlarynda gujur, gözlerinde ynam nury uçganaklaýan türkmen ýaşlaryny synlanyňda ata-babalarymyzyň gaýduwsyzlyk, zähmete bolan halallyk, ynsanperwerlik häsiýetlerini özünde jemländigini göz ýetirmek kyn däl. Çünki, bu düşünjeler, häsiýetler halkymyzyň nesilden nesle geçip gelýän kämil genofondyny düzýär.
Kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler bu günki gün giň gerime eýe boldy. Ata -Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy güýji, bagtyýar geljegimiziň dowamaty bolan ýaşlar baradaky alnyp barylýan syýasatymyzy maksatnamalaýyn durmuşa geçirmek boýunça Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu günki gün giň gerim bilen durmuşa geçirilýär. Muny biz ýaňy-ýakynda uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda kabul edilen taryhy çözgütler arkaly hem anyk göz ýetirmek bolar. Gurultaýa gatnaşan türkmen ýaşlarynyň nurana keşplerinde, berýän buýsançly gürrüňlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz hoşallyklaryny, ata-Watanymyza, halkymyza bolan söýgüsini görmek bolýar.
Ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilýän maksatnamalardyr kararlaryň durmuşa ornaşdyrylmagy türkmen ýaşlarynynyň ösüş ýollaryny rowaçlykly menzillere ýetirýär. Ýaşlary durmuşa ugrukdyrmakda, olaryň ukyp-başarnyklaryny yzygider ösdürip, milli ýörelgelerimize esaslanyp, durmuş goldawlaryny bermekde yzygider maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle joşgunly duýgulardan ruhlanyp, ata-babalarymyzyň mizemez durmuş pelsepelerine ýugrulan göreldelerine eýerip türkmen ýaşlary hem özüniň gujur-gaýratyny gaýgyrman ýokary derejede okap, bilim alyp, netijeli zähmet çekip, halkymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bildiren ynamyny ödemelidir. Bildirilen ynamy ödemekde size üstünlikler ýar bolsun, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!
Muhammet JUMAÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň mugallymy,
institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.