Häzirki berkarar döwletimizde ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Häzirki wagtda ýaşlaryň, orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolan “Soňky jaň” dabarasyna guramaçylykly taýýarlyk görülýär.
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 23-nji orta mekdebinde 11-nji synpy tamamlaýan okuwçylaryň arasynda berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, orta mekdebi tamamlaýan ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen “Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Wagyz nesihat çäresinde Kerki etrabynyň ymamy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy J.Annakulyýew, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝaÝeIBB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary M.Rozyýewa çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.