SPORT KÄMILLIGE BADALGA

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Türkmenistanda bu ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurtda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşulýar. Ýaş nesliň beden taýdan güýçli, ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryny gazanmak, olaryň sportuň dürli görnüşlerine we bedenterbiýä bolan gyzyklanmasyny has-da ösdürmek maksady bilen ýaşlaryň, umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yzygiderli sport çäreleri, bäsleşikleri geçirilýär.

2023-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, ýurdumyzda ýaşlary sagdyn, berk bedenli, ruhubelent  edip terbiýelemek  hem-de ata-babalarymyzdan miras galan sport oýunlaryny ýaşlara ýetirmek maksady bilen Kerki etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda sportuň “Küşt” görnüşi boýunça “Sport kämillige badalga” atly sport bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Y.Kasymow I-orna, B.Abraýewa II-orna, B.Döwranow III-orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

 

Atajan JORAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 36 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 30 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 39 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI