Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde bolelin durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň bagtyýar geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň kämil, ruhy-ahlak kadalaryna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, ruhubelent, bilim-düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegi baradaky alada döwlet derejesinde duran meseleleriň biridir. Şu günler ýaşlaryň, orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolan “Soňky jaň” dabarasyna guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Şol dabaralary guramaçylykly geçirmek, tertip-düzgün kadalary barada mekdep okuwçylarynyň arasynda yzygiderli wagyz nesihat çäreleri geçirilýär.
2023-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 29-njy orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň düzgün-tertip kadalaryny berjaý etmekligi, ýetip gelýän soňky jaň dabaralaryna guramaçylykly gatnaşmaklaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen “Edep-bergidir, bermedige-görgüdir” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Kerki etrabynyň ymamy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy J.Annakulyýew, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew, mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary W.Joraýew çykyş etdiler.
Oýdin AŞIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
hünärmeni.