Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamaklygy, öwrenmekligi üçin hemme şertleri döredýär. Bilim berilýän orta mekdepleriň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär. Geljekki Watan eýelerini hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýet hökmünde kemala getirmekde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden terbiýe ulgamy möhüm orun eýeleýär. Her bir ata-ene, maşgala agzalary, galyberse-de, mugallymlar ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegi özüniň borjy, wezipesi diýip hasaplaýar. Şundan ugur alnyp esasanam, umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda nesil terbiýesiniň dürli ugurlary boýunça yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
2023-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 22-nji orta mekdebinde etrabyň 17-22-nji orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmek maksady bilen “Edebim bar sarpam bar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Kerki etrabynyň ymamy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy J.Annakulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmeni B.Jumageldiýew çykyş etdiler. Çykyş edenler ýaşlaryň bilimli-ylymly, beden we ruhy taýdan has hem sagdyn, terbiýeli bolmaklaryny, tertip-düzgün kadalaryny berk berjaý etmeklerini nygtadylar, şeýle-de, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri barada belläp geçdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.