EDEP-TERBIÝE YNSAN DURMUŞYNYŇ BEZEGIDIR

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde hem-de onuň dünýä giňişliginde eýeleýän öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz hem halkymyz ýaşlara bil baglaýar. Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarydyr. Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, edep-terbiýe babatynda miras galdyran däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilip, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň arasynda edep-ekramy, tertip-düzgüni, halallyk ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini wagyz edýän edýän wagyz nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Olarda ýaşlaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmeklidikleri, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmelidikleri ündelýär.

2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň medeniýet öýünde etrabyň 27-28-29-30-33-34-37-nji orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, ýaşlaryň arasynda jenaýatçylygyň öňüni almak maksady bilen “Edep-terbiýe ynsan durmuşynyň bezegidir” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Kerki etrabynyň ymamy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy J.Annakulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy A.Rahmanowa, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew, Kerki etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ş.Ataýew, Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmeni B.Jumageldiýew çykyş etdiler.

 

Enejan ÝOLDAŞOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Iýun 2025 | 36 okalan

SPORT SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

13 Iýun 2025 | 30 okalan

SPORT – GÜÝÇ, GAÝRAT

13 Iýun 2025 | 39 okalan

BAG DURMUŞYŇ BEZEGI