WELOSPORTUŇ TARYHYNDAN

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNÜNE

Welosport 1860-njy ýylda Ýewropada peýda bolýar. Welosport boýunça ilkinji resmi oýunlar 1869-njy ýylda geçirilýär. Fransiýada geçirilen bu oýunlar Ruan-Pariž aralygynda 120 kilometre çenli aralykda guralýar. Şol wagtda tigirleriň hereketi haýal, ýagny sagatda 11 km bolupdyr.

Welotrek boýunça birinjiligi almak ugrundaky oýunlar ilkinji gezek Çikagoda 1893-nji ýylda, şosse welosportunyň ilkinji oýunlary Kopengagen şäherinde 1921-nji ýylda geçirilýär. Ýapyk binalarda ilkinji welosport oýunlary 1929-njy ýylda geçirilen bolsa, kross boýunça ilkinji oýunlar 1950-nji ýylda geçirilýär.

Welosport 1896-njy ýyldan Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär. Fransuz dilinde «Union Cycliste Internationale», gysgaça «UCI» diýilýän welosport boýunça halkara tigir sürüjiler birleşigi 1900-njy ýylyň 14-nji aprelinde esaslandyrylýar. Häzirki wagtda bu birleşige 150-den gowrak döwlet agza bolup durýar. Birleşigiň baş edarasy Şweýsariýanyň Egl şäherinde ýerleşýär. Aziýanyň welosport boýunça konfederasiýasy, Ýewropada welosiped boýunça birleşik hereket edýär. Birleşigiň ilkinji prezidenti belgiýaly Emile de Beukelaer bolup, ol bu wezipäni 1900-1922-nji ýyllar aralygynda dolandyrýar.  

Häzirki wagtda welosport oýunlarynyň dürli görnüşleri giňden ýaýrandyr. Ýapyk ýa-da açyk binalar üçin niýetlenen ýörite weloýodalarda gurnalýan oýunlar, gara ýollarda guralýan oýunlar, tigir arkaly beýikli-pesli ýerlerde dürli hereketleri görkezmek üçin gurnalýan oýunlar, dag tigiri bolan mauntin baýk arkaly dag ýodalarynda gurnalýan welo oýunlar, birnäçe tigir sürüjiniň tigiri dolandyrýan pursadynda dürli topjagazlary biri-birine oklap ýerine ýetirilýän oýunlar has meşhurdyr. Şol oýunlaryň her biri barada durup geçmegi maksat edindik.

Welotrek oýunlar welosportuň esasy görnüşleriniň biridir. Welotrek ýaryşlary ýörite tigirleriň hereketlenmegine niýetlenen ýodaly meýdançada, adatça, 130-500 metr, halkara derejeli ýaryşlar üçin 250-400 metr aralygynda geçirilýär. Aslynda «welotrek» sözi latyn dilinde «vē 10 x»  — «çalt, tiz», iňlis dilinde «track» «yz, ýol» manylaryny aňladýar. Ol halkalaýyn aýlaw ýodalaryna meňzeýär. Welosürüjiler üçin amatly bolar ýaly halkalaýyn ýodaň öwrümleri 42 gradus gyşarma şekilinde we gönüligine 12,5 gradus bolýar. Ýodanyň ini 5 metrden geçmeýär, iri ýaryşlarda bolsa 7 metre çenli rugsat berilýär. Welotrekde hereket sagat diliniň garşylygyna görä amala aşyrylýar. Şeýle häsiýetdäki oýunlar tomusky ählumumy olimpiýa oýunlarynyň sanawyna 1896-njy ýylyň 6-15-nji aprel aralygynda Gresiýanyň paýtagty Afinada geçirilen I tomusky olimpiada oýunlarynda girizilýär. Welotrek oýunlaryna erkekleriň gatnaşmak hukugy I olimpiada oýunlarynda, zenanlara bolsa 1988-nji ýylyň17-nji sentýabry — 2-nji oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen XXIV tomusky olimpiadada berilýär.   

Şossede (gara ýollarda) ýörite weloýodalaryň ugrunda guralýan oýunlar ýekebara, köpçülikleýin häsiýetlidir. Bu şosse welosporty üçin ýörite ýasalan tigirlerde amala aşyrylýar. Oýunlar adatça ir bahar başlanyp, güýzde tamamlanýar. Has takygy bu oýunlary mart-oktýabr aralygynda guramak maksada laýyk hasaplanýar. Ilkinji şosseli welosport oýunlary 1868-nji ýyldan geçirilip başlanýar. Nusgawy köpçülikleýin şosseli welosport 1892-nji ýylda Belgiýada geçirilýär. Bu ugurdaky welosport oýunlaryna hem I tomusky olimpiada oýunlarynda badalga berilýär.

Gysgaça, MTB — «Mountain bike» dag eňňitlerinde, geçmesi kyn bolan gaýalarda, dag örtüklerinde, beýikli-pesli ýerlerde ýörite dag tigirleri bilen gurnalýan ýaryşlar hem tomusky olimpiada oýunlarynyň sanawyna girizilendir.

Tigirli motokross oýunlary geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyrynda ABŞ-da peýda bolýar. 1981-nji ýylyň aprelinde bu babatda halkara federasiýa döredilýär. 1982-nji ýylda bu ugurda ilkinji çempionat geçirilýär. 1993-nji ýylyň ýanwaryndan başlap halkara tigir sürüjiler birleşigi tarapyndan ykrar edilýär we iş tertibine girizilýär. 2008-nji ýylyň 8-24-nji awgust aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde geçirilen XXIX tomusky olimpiada oýunlarynda maksatnama girizilýär. Tigirli motokross boýunça ilkinji rekord 2011-nji ýylyň 28-nji maýynda 24 ýaşly Jed Mildon tarapyndan goýulýar. Ol tigir arkaly päsgelçiliklerden üstünlikli geçip, tigiri bilen ýokarda üç öwrüm edip salto edip, ýagny arkan aşyp, ýere düşýär. 

Dünýä belli welosport boýunça geçirilýän halkara oýunlarynyň biri-de, fransuz dilinde «Le Tour de France» diýlip atlandyrylýan «Tur de Frans» oýunlarydyr. Bu oýunlaryň resmi däl ady «Uly halka» diýlip atlandyrylýar. Bu oýunlary geçirmek we guramak baradaky ilkinji başlangyçlar fransuz awtosöýüjileriň söýgüli gazeti bolan «L’Auto» sport-reklama gazetiniň redaktory, öz döwrüniň görnükli sport žurnalisti, tigir sürmekde birnäçe rekordlaryň eýesi Anri Degranža degişlidir. Ilkinji tur 1903-nji ýylyň 1-19-njy iýul aralygynda 6 etap boýunça 2428 km aralykda geçirilýär. Ýaryşyň ilkinji ýeňijisi fransiýaly tigir sürüji Moris Fransua Garen bolupdyr. Bu ýaryş ussat žurnalist Anri Degranža uly abraý getirýär. Hat-da şol döwürler tur baradaky maglumatlar «L’Auto» gazetinde iň köp nusgada çap edilýär.

Birinji gezek tigirli dünýä syýahat eden ussat russiýaly harby uçarman, Birnji jahan urşunyň gahrymany Onisim Petrowiç Pankratowdyr. Ol özüniň syýahatyny 1911-nji ýylyň iýunyndan 1913-nji ýylyň iýulyna çenli aralykda amala aşyrýar.

Ähli welosport oýunlarynyň maksady aram tizlikde, emma çaltlyk bilen belli bir aralykda kynçylyklary ýeňmek, elleriň bilen berk dolandyrmak we şol bir wagtyň özünde beýniň bilen öňüňde dörän kynçylyklary ýeňmekligiň usullary bilen bagly işler boýunça tiz çözgüt çykarmakdyr.

Ýurdumyzda täze ekologiki aň-düşünjäniň tassyknamasy hökmünde badalga alan welosiped sporty ynsanyň saglygy babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Ol sportuň şähdaçyklyk, uly ruhubelentlik we çeýelik bilen erk edilýän täsin görnüşi bolmak bilen, türgeniň bütin bedenini herekete getirýär we şol bir wagtda  gan aýlanyşyny işjeňleşdirýär. Netijede, adam işine höwesek ýapyşýar.  Ýetilen belent sepgit, kemala gelýän ruhubelentlik, hujuw, joşgun edil gündelik ulanylýan witaminler ýaly, zerur bolan ruhy galkynyşy döredýär.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.