Paýtagtyň «Altyn asyr» toparynyň ýaşlar düzümi ýurdumyzyň futbol birinjiliginiň birinji aýlawynyň jemi boýunça ýaryş tertibini birinji hatarda tamamlady. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
9-njy tapgyryň çäginde geçirilen duşuşykda «Altyn asyr-2» topary myhmançylykda «Energetigiň» ýaşlar düzüminiň derwezesinden jogapsyz toplaryň dördüsini geçirmegi başardy. Gazanan bu ýeňşinden soň «Altyn asyr-2» topary utugyny 21-e ýetirdi. Ikinji orny eýeleýän «Ahal-2» topary 16 utuk toplady.
9-njy tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Köpetdag-2» bilen «Nebitçi-2» toparlary degişlilikde «Aşgabadyň» hem-de «Merwiň» ýaşlar düzümlerini ýeňlişe sezewar etdiler.
Geçiren duşuşyklarynda 12 utuk toplan «Aşgabat-2» topary ýaryş tertibinde üçünji basgançagy eýeleýär.
Iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda 5 topdan geçiren Arslan Saparow, Söhbet Durdyýew (ikisi-de «Altyn asyr») hem-de Daýanç Meredow («Ahal») öňdeligi eýeleýärler.
Ýaşlar birinjiliginiň 2-nji hem-de 3-nji aýlawynyň senenamasy soň belli ediler.
9-njy tapgyryň duşuşyklary:
«Aşgabat-2» – «Köpetdag-2» – 0:2
«Energetik-2» – «Altyn asyr-2» – 0:4
«Nebitçi-2» – «Merw-2» – 5:0.