MASLAHAT GEÇIRILDI

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 22-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz gün tertibini yglan edip, şu mejlisiň dowamynda ýerlerde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňümizde duran döwlet ähmiýetli çärelere, hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, şeýle hem ýakyn günlerde galla ýygnamaga girişmek meseleleri, obadyr şäherleriň ýagdaýlary, geljek üçin öňde durýan wezipeler hakynda söhbetdeş bolmak kararyna gelendigini aýdyp, häzirki döwürde ýaşlaryň ägirt uly işleri bitirmeklerine bil baglanýandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly tabşyrygyndan ugur alyp, şeýle hem Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz nesihat etmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda «Milli däp-dessurlarymyz nesil terbiýesiniň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat maslahatyny geçirdi. Maslahatda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň hormatly il ýaşulusy E.Talipow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy D.Mämedow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesiniň başlygy A.Jumaýew dagy Gahryman Arkadagymyzyň möhüm tabşyryklaryndan ugur alyp, öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli çykyşlary etdiler.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 14 okalan

AWAZA HALKLARYŇ KÖŇÜL KÖPRÜSI

13 Awgust 2025 | 59 okalan

“MAŞGALAM-BAŞ GALAM”