GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki sport mekdebinde köpçagaly maşgalalaryň arasynda «Kim çalasyn?» atly bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşikde çagajyklar öz başarnyklaryny görkezip, ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi wasp edýän aýdymdyr goşgylary bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň ahyrynda dabarada çykyş eden çagajyklara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşyryldy. Şeýle hem dabarany guraýjylar oňa gatnaşyjy çagalary Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de ruhubelent ýaşlarymyzyň döwrebap ylym-bilim almagy, ahlak taýdan arassa, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Beýzaly ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA