GEZELENÇ ÇÄRESI GURALDY

Türkmenistan döwletimiz 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklap, olary hemmetaraplaýyn öwrenip, geljekki nesillere galdyrmak boýunça ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten galalar, köşki-eýwanlar, kerwensaraýlar biziň taryhymyzyň buýsançly ýollaryndan habar berýär. Üstünden beýik ýüpek ýoly geçen Türkmenistan Watanymyzyň taryhy dünýä taryhynyň aýrylmaz bir bölegidir. Hormatly Prezidentimiz yzygiderli ýaşlaryň watançylyk terbiýesini ösdürmek, olarda ata-babalarymyza mahsus mertlik, batyrlyk, maksadaokgunlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek üçin zerur çäreleri yzygiderli geçirmek barada tabşyryklary berýär. Arkadagly Serdarymyzyň berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Abiwert» taryhy-medeni Döwlet goraghanasynda wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, «Abiwert» taryhy-medeni Döwlet goraghanasynyň başlygy Ahmet Halmyradowyň Kaka etrabynda ýerleşýän gadymy ýadygärlikler barada beren gyzykly gürrüňleri ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Aýratynam ady taryha siňen Abiwerdiň döreýiş taryhy, ondan tapylan tapyndylar, şol döwrüň adamlarynyň meşgullanýan kärleri, oba hojalyk işlerinde ulanan gurallary, galalaryň berk goralyşy, galany goraýjylaryň söweş tilsimleri, ýagny galanyň daşyndan gazylan garymyň galany goramakda beren ähmiýeti, galanyň berk diwarlarynyň ininiň we beýikliginiň, onuň üstünde galany goraýjylaryň erkin hereket ederleri ýaly döredilen mümkinçilikler barada hünärmeniň beren gürrüňleri ýaşlaryň ünsüni has-da özüne çekdi. Şeýle hem ýaşlar Watanymyzyň taryhy boýunça özlerini gyzyklandyrýan birnäçe sowallara hem anyk jogap aldylar. Täsirli duşuşygyň ahyrynda watansöýüji ýaşlar özleri üçin okamaga, ýaşamaga, döretmäge medeniýetli dynç almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA