DAÝHAN HOJALYKLARY ZÄHMET ÜSTÜNLIGINI GAZANMAGYŇ UGRUNDA

Sarahs etrabynyň gallaçy daýhanlary şu ýyl 22 müň 900 gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirip, bosagada duran jogapkärli orak möwsümine taýýarlykly gelýärler. Gallaçy babadaýhanlaryň irginsiz zähmeti bilen ýetişdirilen hasylyň çalt we ýitgisiz ýygnalmagyny, kabul ediş nokatlaryna daşalmagyny üpjün etmekde tehnikalaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýygnalan hasyly däne kabul ediş ammarlaryna bökdençsiz daşamak üçin tehnikalaryň 325-siniň hyzmatyndan peýdalanylýar. Kombaýnlaryň onlarçasy ýokary öndürijilikli, bökdençsiz işlediler. Däne ekilen meýdanlary orak möwsümine taýýarlamagyň, işiň gyzgalaňly gidýän döwründe hasylyň ýangyndan goralmagyny üpjün etmegiň, munuň üçin ýangyna garşy göreş çäreleriniň ýola goýulmagyny gazanmagyň zerurdygyna oňat düşünýän etrabyň daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleridir degişli hünärmenleri utgaşykly işleri alyp bararlar. Etrapda hasyly ýygnap almak boýunça düzülen iş meýilnamanyň çäginde degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda döredilen toparlaryň 7-si galla meýdanlarynda oragyň gidişine doly gözegçiligi amala aşyrar. Galla kabul ediş kärhanasynyň däne ammarlarynda kabul ediljek hasylyň çyglylyk we hapalyk derejelerine seljerme işleri geçirilip, ol ýerlere degişli hünärmenleriň işe kabul edilmegine ähmiýeti berler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň orak möwsümini guramaçylykly başlap, ýokary depginde geçirmek bilen, döwlet ammaryna 48 müň 100 tonna dänäni tabşyrmagy maksat edinýän sarahsly gallaçy daýhanlaryň üstünlik eýeleri boljakdygyna uly ynam bar.

 

Arzygül MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA