GALLAÇY DAÝHANLARYŇ ARMASY ÝETIRILÝÄR

Oba hojalygyň häzirki jogapkärli möwsüminde galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen, Kaka etrabynda zähmetkeşleriň arasynda höweslendiriş işleri geçirilýär hem-de olaryň armasy ýetirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň golaýyndaky meýdan düşelgelerinde günorta arakesme wagtynda geçirilýän aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabaralary gallaçylara aýratyn ruhubelentlik berip, olary ajaýyp zähmet ýeňşine ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi hem-de etrabyň medeniýet bölümi, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan nobatdaky medeni-dynç alyş dabarasy hem ýakymly duýgulary döretdi.

Dabarada çykyşlara hem giň orun berildi. Gallaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, awtoulag sürüjileriniň we häzirki gyzgalaňly möwsüme dahylly beýleki zähmetkeşleriň gatnaşmagynda bolan dabarada çykyş edenler Berkarar Watanymyzda azyk bolçulygynyň pugtalanmagynda gallaçy daýhanlaryň ornunyň uludygyny belläp geçdiler. Şeýle hem gallaçylara häzirki jogapkärli möwsümi guramaçylykly alyp barmak bilen, çalt we gysga wagtda tamamlamagy we zähmet üstünligini gazanmagy arzuw etdiler. Etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň teatr studiýasynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy, joşgunly aýdym-sazlary meýdan düşelgesindäki şowhuny has-da belende göterdi. Kaka galla önümleri kärhanasy tarapyndan azyk önümleriniň söwdasynyň guralmagy we gallaçylara degişli önümleriň hödürlenmegi, şeýle-de milli tagamlaryň taýýarlanmagy meýdan düşelgesine baý öwüşgin çaýdy. Dabaranyň dowamynda galla oragynda tapawutlanýan zähmetkeşlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA