Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen milletiniň erkana ýaşamagy, ýaş nesilleriň ylym-bilim almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaş oglan-gyzlar häzirki wagtda ýokary tehnologiýalardan aňsatlyk bilen baş çykarýarlar we ylym-bilimde türkmen döwletini dünýä tanadýarlar. Şol sanda sport türgenleri türkmen sportunyň, medeniýet işgärleri türkmen medeniýetiniň halkara abraýyny ýokarlandyrýarlar.
Ýaş nesliň abadan hem parahat durmuşda erkin ýaşamagy babatda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, başlary dik, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.