AK BUGDAÝYŇ WATANYDYR DIÝARYM

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmekde gallaçy babadaýhanlara döredýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, Ak bugdaý etrap häkimligi etrabyň jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim bölümi, saglyk, medeniýet ulgamlary bilen bilelikde «Ak bugdaýyň Watanydyr diýarym» atly aýdym-sazly dabarasyny gurady. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy belent heňde wasp edildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine seslenmeler bilen çykyş edip, olarda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde alnyp barylýan işler, ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerine eýerip, türkmen daýhanlary üçin döredilýän şertler, şeýle tutumly işleriň sakasynda duran, daýhanlarymyzyň päk we halal  zähmetiniň  hözirini görüp ýaşamagy ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri buýsanç bilen aýdyldy.

 

Şirinjemal AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Oktýabr 2025 | 11 okalan

MEÝDAN DÜŞELGESINDÄKI DABARA

20 Oktýabr 2025 | 51 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

16 Oktýabr 2025 | 116 okalan

TÄZE KITAPLARYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY