Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýyl ýurdumyzda 12-nji iýun Ylymlar güni uly dabaralara beslenip baýram edilýär. Şeýle baýramçylyk mynasybetli Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde Tejen etrap häkimliginiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Türkmen ylmynyň röwşen geljegi» diýen at bilen aýdym-saza beslenen baýramçylyk dabarasy guraldy. Dabara iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim bölüminiň işgärleri hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymatlary esasynda häzirki wagtda milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmekde, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmakda, olary geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdymyzyň innowasion ösüşinde ylmyň tutýan ornuny pugtalandyrmakda, ylmy gözleg işlerini amala aşyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde we netijeliligini ýokarlandyrmakda ähli şertleriň döredilýänligini buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de etrap Medeniýet öýüniň bagşydyr sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimizi, döwletli döwranymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.