GÜNEŞLI MEKAN — JAN TÜRKMENISTAN

Şu günler çagalar üçin iň gyzykly we möhüm möwsüm bolan tomusky dynç alyş döwri dowam edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bu dynç alyş günlerinde hem körpe nesillerimiziň wagtlarynyň şadyýanlyga beslenmegi, göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny netijeli we döredijilikli işlere sarp etmekleri, ukyplaryny açmaklary we zehinlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýörite tassyklanan meýilnama laýyklykda çagalaryň arasynda dürli medeni çäreleri, ýaryşlary yzygiderli guralýar. Şeýle çäreleriň biri-de golaýda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirildi. Surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşik ýaş nesilleriň döredijilik başarnyklaryny açmaga uly mümkinçilik boldy.

«Güneşli mekan — jan Türkmenistan» diýen at bilen geçirilen bu bäsleşikde şadyýan oglan-gyzlar güneşli Diýarymyzyň gözelliklerini, bagtyýar çagalygy, parahat Watanymyzyň baý tebigat dünýäsini özleriniň çeken suratlarynyň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde her ýylda welaýatymyzyň ýaşlarynyň ýüzlerçesiniň netijeli dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek. Bu ýerde wagtlaryny şadyýan geçirýän ýaşlar özleri üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarlar.

 

Melike ROZYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 111 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 85 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 82 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR