ABADAN ÝAŞAÝŞYŇ GIREWI

Daşky gurşawy goramak wezipesi islendik döwürde hem dünýä halklarynyň ählisi üçin iň möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Çünki bu ugurdaky möhüm wezipeleriň we anyk çözgütleriň ählisi hem tutuş adamzadyň bagtyýarlygyny, geljekki nesilleriň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Biziň ýurdumyz hem daşky gurşawy goramakda dünýä jemgyýetçiliginde elmydama oňyn başlangyçlary bilen çykyş edip, ekologiýa wehimleriniň öňüniň alynmagyna uly goşant goşup gelýär. Her ýylyň 5-nji iýunynda giňden dabaralandyrylýan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen maslahatda hem Türkmenistanyň bu ugurdaky ählumumy tagallalary, alyp barýan halkara işjeňligi dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Daşky gurşawyň arassalygy — abadan ýaşaýşyň girewi» diýen at bilen geçirilen bu çärede Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleriniň, Amyderýa we Repetek döwlet goraghanalarynyň ylmy işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Edilen çykyşlarda ýurdumyzda çölleşmä garşy göreşmek, bioköpdürlüligi gorap saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, iri möçberli tokaý zolaklary döretmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy. Şonuň ýaly-da çykyşlarda daşky gurşawa zyýanly täsirleri aradan aýyrmak boýunça ýurdumyzda dünýä ylmynyň gazananlarynyň ýerlikli peýdalanylýandygyny uly buýsanç bilen nygtaldy. Maslahatda daşky gurşawy goramakda, tebigata aýawly çemeleşmekde dünýä möçberinde giň gerimli başlangyçlar bilen çykyş edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.

Soňra maslahata gatnaşyjylar, şäheriň ýaşaýjylary we talyplar Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli muzeýde guralan göçme sergä tomaşa etdiler. Sergide ýurdumyzyň baý tebigat dünýäsiniň täsinlikleri görkezildi.

 

Umida MERDANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 111 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 85 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 82 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR